Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply ýaşaýjylar Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna mejbury ýygyma çekilýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda pagta möwsümi bat alýar
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda pagta möwsümi bat alýar

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna mejbury ýygyma çekilip başlandy.

31-nji awgust – 2-nji sentýabr aralygynda Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki we Hojambaz etraplarynyň şeýle-de Mukry we Amyrderýa şäherçeleriniň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň Sarahs, Kaka, Tejen we Babadaýhan etraplaryna pagta ýygyma çekilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň Kaka we Tejen etraplarynda ýerleşýän harby bölümlerinde esger soňky bir hepde bäri Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde pagta ýygymyna köpçülikleýin gatnaşdyrylýar.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 30-njy awgustda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň agzalýan etraplaryndaky her kärendeçi hojalykdan bir adam, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, saglyk pudagynyň we beýleki býujet edaralaryň işgärleri öz deregine bir adam hakyna tutup, Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna ýygymçy hökmünde ýygyma ugratmaly edildi.

“Lebabyň pagtany gaýtadan işleýän fabrikleriniň we himiýa zawodynyň, un kärhanalarynyň, Oba hyzmata degişli kärhanalaryň işgärleri-de Ahala ýygyma ugradylmaly edildi” diýip, habarçy goşmaça maglumat berdi.

Habarçy “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan 31-nji awgust – 2-nji sentýabr aralygyna Lebap – Ahal aralygyna satylan otly biletleriň hem ýolagçylardan yzlaryna gaýtarylyp alynýandygyny, degişli orunlaryň ýygymçylar üçin petiklenýändigini aýdýar.

“Mundan ozalky ýyllarda ýygymçylar Lebap welaýatyndan Ahal welaýatyna oktýabryň ikinji ýarymynda sowukdan öň çekilen bolsa bu tejribe bu ýyl pagta möwsüminiň başynda başlandy” diýip, habarçy aýtdy.

Bu maglumat 29-njy awgustda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň bu ýylky pagta möwsüminde beýleki welaýatlaryň häkimlerine Ahal welaýatynyň döwlet pagta plan borçnamasyny ilkinji bolup dolmaga ýardam bermek boýunça tabşyrygyň berlendigini habar bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýew 15-nji awgustda welaýat häkimleri bilen geçiren duşuşygynda bu ýylky pagta möwsüminde şertnamalaýyn borçnamany ilkinji bolup Ahal welaýatynyň dolmagy üçin beýleki welaýatlaryň zähmet we beýleki resurslaryndan peýdalanmak barada tabşyryk berdi.

Ahal welaýatyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Ýatlasak, onuň 17-nji iýunda Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilmeginiň yzýany 25-nji iýunda bu welaýatyň ilkinji bolup bugdaý plan borçnamasyny dolandygy resmi derejede yglan edilipdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Ahal welaýatynyň bugdaý plan borçnamasyny dolmagynyň aňyrsyndaky käbir şertleri we ýagdaýlary öwrendi.

Ol munuň bilen bagly 30-njy awgustda ýetiren maglumatynda, soňky orak möwsüminde Ahal welaýatynyň bugdaý plan borçnamasynyň ilkinji bolup tiz dolunmagy üçin Mary, Lebap we Balkan welaýatlaryndan bugdaý orujy kombaýnlaryň gyssagly Ahal welaýatyna äkidilendigini habar berdi.

Onuň ygtybarly çeşmeleriň üsti bilen öwrenen maglumatyna görä, Ahal welaýatynda bugdaý plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigi aýdylsa-da, “aslyýetinde hasyl oňat bolmandyr.”

Galla hasylyny ýygnamak möwsüminiň üstünden heniz 2 aý töweregi wagt geçendigine garamazdan, Azatlygyň habarçysy Ahalyň bugdaý ammarlarynda bugdaýyň azalandygy barada maglumatlaryň bardygyny aýdýar.

“[Ahal welaýatynyň] bugdaý ammarlarynda bugdaýyň azalandygy, bugdaýyň we unuň goňşy welaýatlardan daşalyp başlanandygy barada maglumatlar bar” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda unuň 50 kilogramlyk haltasy 200 manatdan satylýar.

Lebaply ýaşaýjylaryň köpçülikleýin häsiýetde Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna mejbury çekilmegi barada Azatlyk Radiosynyň Lebap we Ahal welaýatlarynyň häkimliklerinden kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG