Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žanaozen şäheriniň sudy protest liderini 'bozgaklykda' günäli tapdy


Eržan Elşibaýew
Eržan Elşibaýew

Gazagystanyň Žanaozen şäheriniň sudy protest ýolbaşçysyny, şu ýylyň başynda işsiz ýaşlaryň protestlerini gurnandygy üçin, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Eržan Elşibaýew 2017-nji ýylda bolan bir ýakalaşmada, protestler bilen baglanyşygy bolmadyk wakada başga bir adama ten ýarasyny salmakda günäli tapyldy.

Elşibaýew we onuň tarapdarlary bu aýyplamalary ret edip, olaryň syýasy äheňlidigini we gaýdyp protest hereketlerine ýolbaşçylyk etmekleriniň öňüni almak üçin toslanyp tapylandygyny aýtdylar.

Sudýa Bauyžan Tokbaýew hökümi yglan eden badyna, polisiýanyň Elşibaýewi goldawçylaryndan aýyrmaga girişmegi bilen, sud jaýyny terk etdi. Onlarça adam gysga wagtlyk tussag edildi.

Elşibaýew fewralda we martda geçirilen protest ýygnanyşyklarynyň liderleriniň biri boldy. Bu protestler nebit senagatyna degişli şäherleriň ýaşaýjylarynyň iş orunlarynyň döredilmegini talap etmekleri netijesinde turdy.

Gazak häkimiýetleri bu şäherdäki protestlere örän gorkuly garaýarlar, 2011-nji ýylda nebitçi işçileriň protestleri dargadylanda polisiýanyň okundanazyndan 16 adam öldi.

XS
SM
MD
LG