Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda pagtaçylyk we onuň wagzy


Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen pagta, pagtaçylyk senagaty, onuň sowet ýyllarynda we häzirki döwürdäki wagzy barada gürrüňler gozgalýar.

Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Ýurduň oba hojalygynda pagta esasy ekinleriň biri bolmagynda galýar.

Pagta soňky 100 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen halkynyň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, hususan-da ýurduň ilatynyň agramly bölegini düzýän oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň arasynda pagtaçylygyň oýnaýan roly örän wajyp; pagta we pagtaçylyk barada okuw kitaplarynda goşgudyr hekaýalar ýazylýar, garaşsyzlykdan öňki ýyllarda mekdebe gadam basan gününden başlap okuwçylar pagta barada goşgulary ýat tutardy, ol barada aýdymlar aýdylardy, sahnalar goýulardy. Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda-da häkimiýetler ýurduň oba-hojalygynda pagtanyň strategiki häsiýetini saklap galdy, onuň idegine we ýygylmagyna ýurduň ilatyny köpçülikleýin mobilizledi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edip gelýär.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmeniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen pagta, pagtaçylyk senagaty, onuň sowet ýyllarynda we häzirki döwürdäki wagzy barada gürrüňler gozgalýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

  • 1889 – 1916-njy ýyllarda şol wagtky Rus şalygynyň düzümine giren Transkaspiý (häzirki Balkan, Ahal we Mary) welaýatlarynyň çäginde gowaça ekini üçin bölünip berlen ýerler 100 esse artypdyr. 1911-nji ýylda Transkaspi regionynyň ekerançylyga ukyply ýerleriniň 29 %-ne gowaça ekilipdir. Sowet ýyllarynda bu sanlar has hem ösüpdir. Gowaça türkmen topragynda haçan peýda boldy we ol nähili ýagdaýda örňedi?
  • Pagtaçylyk senagatynyň ösmegi bilen Türkmenistanda sowet ýyllarynda pagtaçylyk senagatynyň wagzy güýçlenýär; edebiýatda, sungatda, dörejilikde pagta barada eserler döredilip başlanýar.
  • Ykdysady jähtden seredilende, gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen gümra bolan türkmen oba hojalygy näme üçin aradan geçen şunça ýylyň dowamynda pagta daňylyp galdy. Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan näme sebäpden heniz hem oba hojalyk pudagynda pagtaçylygy saklap galýar?
  • Daşky gurşawy goramak boýunça iş alyp barýan aktiwistler gowaçanyň aşa köp ekilmeginiň Merkezi Aziýada ýaramaz netijelere ýol açandygyny aýdýarlar.
  • Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde aýdymçylaryň sungat işgärleriniň pagta meýdanlaryna baryp, arakesmede pagtaçylara aýdym aýdyp berýändigi barada habarlar berilýär. Bu nämä täsir edýär, sowet ýyllarynda-da şeýle tejribe barmydy?
Türkmenistanda pagtaçylyk we onuň wagzy
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:57 0:00


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG