Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan saýlawlarynyň deslapky netijeleriniň gijigýändigi yglan edildi


GSK-nyň başlygy Hawa Alam Nuristani

Owganystanda 28-nji sentýabrda geçirilen prezident saýlawlarynyň 19-njy oktýabrda yglan edilmegine garaşylan deslapky netijelerini yglan etmek yza süýşürildi diýip, ýurduň Garaşsyz saýlaw komissiýasy aýtdy.

GSK-nyň başlygy Hawa Alam Nuristani bu beýanaty Kabulda guralan metbugat ýygnagynda etdi. Ol bu gijikmäniň “saýlaw prosesiniň aýdyňlygyny has gowy üpjün etmäge” we “adamlaryň oňa bolan ynamyny dikeltmäge” hyzmat etjekdigini aýtdy.

“Gynansak-da, käbir tehniki meseleler sebäpli we aýdyňlyk üçin, biz saýlawlaryň netijelerini bellenen wagtynda yglan edip bilmeýäris” diýip, ol aýtdy.

Saýlaw resmileri turuwbaşdan uly mukdardaky maglumatlar toplumyny ýygnamakda we ses berijileriň barmak yzlaryny we suratlaryny hasaba almak üçin ulanylan biometrik enjamlardan GSK-nyň kompýuterlerine geçirmekde kynçylyk çekýändiklerini aýtdylar.

Maglumatlaryň bir ýere toplanmagynyň haýallygynyň ýene bir kynçylygy bolsa, galp sesleri anyklamagyň köp wagt almagy bilen bagly boldy.

Owganystanda 2001-nji ýylda “Talyban” häkimiýetden çetleşdirileli bäri geçirilen saýlawlaryň ählisine galplyk aýyplamalary esasynda kölege düşdi. Bu ýagdaý GSK-nyň ilkinji gezek biometrik enjamlary ulanmagyna alyp geldi.

Komissiýa saýlawlaryň deslapky netijelerini mümkin boldugyça çalt çap etmegi wada berdi, ýöne anyk sene aýtmady. Saýlaw komissiýasynyň iki resmisiniň “Amerikanyň sesi” radiosyna aýtmaklaryna görä, netijeler ýene iki hepde gijikjege meňzeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG