Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ýaponiýa sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe. Aşgabat. Oktýabr, 2015 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa sapar edýär.

Ol 21-nji oktýabrda iki günlük iş sapary bilen Tokio gondy.

Saparyň dowamynda “ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, TDH maglumat berýär.

22-nji oktýabrda Tokioda Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen at gowşuryldy.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýokary jaýlarynda okaýan türkmen talyplarynyň öňünde çykyş etdi.

Ol Türkmenistanda ylyma we bilime uly ähmiýetiň berilýändigini öňe sürdi.

Şol bir wagtda, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryna pullaryň ugradylmagy, Türkmenistanda daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegi bilen bagly çäklendirmeler saklanyp galýar.

Mundan öň, Berdimuhamedow Ýaponiýa 2009-njy, 2013-nji we 2015-nji ýyllarda resmi we iş saparlary bilen gelipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG