Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM-niň täze başlygynyň Mara barandygy aýdylýar. Şäherde köpçülikleýin arassaçylyk işleri geçirilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanyň Mary şäherinde köpçülikleýin ýowar geçirilip, edara-kärhanalaryň otaglary we bag-bakjalary arassalanýar hem-de köçeler süpürilýär, guran otlar çapylyp otlanýar we ýerler agdarylýar.

“21-nji oktýabrda Mary şäheriniň býujet işgärlerine Mary-Baýramaly şaýolunyň gyralaryny arassalamak tabşyryldy. Her edara ýoluň gyrasyndan ýer bölünip berildi. Bu ýerleri arassalamak üçin her edaradan ortaça 10-12 adam ýowara mejbury çykaryldy. Olar bu şaýolunyň gyrasyndaky otlary çapyp, ýer agdardylar. Şeýle-de, guran otlary üýşürip otladylar. Häkimligiň wekilleri býujet işgärleriniň üstünde durup, ‘ýekejede ot goýman arassalaň’ diýip gyssady. Esasan-da Marynyň aeroportunyň töweregine we ondan Mary şäherine çenli aralyga üns berilýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy duşenbe güni gürrüň berdi.

Habarçy ýowaryň geçiriljekdigi barada býujet işgärleriniň öňünden habarly edilmändigini, şol sebäpli olaryň arassaçylyk işlerine täze egin-eşiklerinde gatnaşmaga mejbur bolandygyny hem belledi.

Mundanam başga, habarçy geçen hepdäniň aýagynda Mary şäheriniň ýollarynda, bilim edaralarynda, şol sanda Döwlet energetika institutynda, tehnikumlarda, liseýlerde, mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda abatlaýyş we arassaçylyk işleriniň geçirilendigini hem aýtdy.

Aýdylmagyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we Mary welaýat häkimliginiň wekilleri býujet işgärlerine, studentlere we okuwçylara bu arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň sebäplerini düşündirmeýärler.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Mary welaýat häkimliginiň birnäçe işgäriniň aýtmagyna görä, bu çäre ýurduň täze içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň welaýata barandygy we onuň edara-kärhanalarda barlaglary geçirjekdigi baradaky gürrüňler bilen baglanyşykly.

“Ähli ministrlikleriň işgärleriniň Mary welaýatyna gelendigi aýdylýar. Olaryň haýsy edara-kärhanalara baryp, barlag geçirjegi we munuň haçan, haýsy günlerde amala aşyryljakdygy belli däl. Şonuň üçin hökümet edara-kärhanalarynyň ählisiniň barlaga taýyn bolmalydygyny aýtdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny bermekden saklanan häkimligiň bir işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasynda hem maglumat göze ilmeýär.

Ýatlatsak, 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "işde düýpli kemçilikleri goýberendigi, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy, wezipe ygtyýarlyklaryny gödek bozandygy" üçin Isgender Mulikowy içeri işler ministri wezipesinden boşadyp, onuň deregine Mämmethan Çakyýewi wezipä belledi. Çakyýew öň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Çakyýewiň Mara gelendigi baradaky habarlaryň yzýany, söwda tekjelerinde gyt haryda öwrülen arassalanmadyk pagta ýagynyň duýdansyz, gaýtadan peýda bolandygyny hem aýtdy.

“Geçen hepdäniň aýagyndan Mary şäherindäki we Mary welaýatynyň tas ähli etraplaryndaky döwlet dükanlarynda arassalanmadyk pagta ýagy satuwa çykaryldy. Adamlar edil ogul jigileri bolan ýaly begenip, bu habary biri-birlerine eşitdirýärler. Döwlet dükanlarynyň işgärleri ‘Çakyýewiň ýa-da Aşgabatdan gelen barlagçylaryň haýsy dükana girip barlag geçirjegi belli däl’ diýýärler. ‘Şonuň üçin pagta ýagy satylyp başlandy. Şu wagt bol wagty alyp galyň’ diýýärler” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt adamlar bu ýagyň näçe wagt satuwda saklanjagynyň belli däldigini aýdyp, prosentine pul karz alýarlar we boldugyndan köp pagta ýagyny satyn almaga synanyşýarlar.

“Adamlar pagta ýagyny alyp basyp goýýarlar. Şu günler nobatlar näçe köp bolsa-da, pagta ýagy adamlaryň ählisine ýetýär. Döwlet dükanlarynda 5 litr arassalanmadyk pagta ýagy 13 manatdan, onuň 1 litri bolsa 2 manat 60 teňňeden satylýar. Şeýle-de, öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek alyjylar ýagyň gapdalyndan zaýalanan azyk harytlaryny satyn almaga hem mejbur edilmeýär” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG