Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary arassaçylyk çärelerini geçirip, Aşgabatdan geljek gözegçilere taýýarlanýar


Türkmenistanyň jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynda jemagat hojalygy edaralaryna degişli işgärler Mary şäherinde we onuň töwereginde arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirdiler. Bu çäreleri amal etmek üçin bilim işgärlerinden pul ýygnalýar. Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen bu arassaçylyk işleriniň welaýata Aşgabatdan geljek gözegçiler bilen baglanyşyklydygyny, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy aýdýar.

“Jemagat hojalygynyň işgärleri şäheriň köçelerindäki we seýilgähdäki haşal otlary we öňki gülleri aýryp, deregine täze gül ekdiler. Işgärler gülleri täzelemek işleriniň 1-nji sentýabra, täze okuw ýyly başlaýança tamamlanmalydygyny aýdýarlar. Oturdylan güller gögermän gurasa, onda täzeden ekmeli” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 19-njy awgustda gürrüň berdi.

Şäherde arassaçylyk işlerinden başga-da, bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalarda, şol sanda mekdeplerde abatlaýyş çäreleri hem geçirilýär.

“Jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri mekdeplerde ýa-da beýleki edara-kärhanalarda jaýlaryň we köçeleriň jaýrylan ýerlerini bejerip, beton guýýarlar. Otaglaryň içini reňkleýärler. Täzelemeli esbaplary, gurallary täzeleýärler” diýip, bilim işgärleriniň we jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Habarçy Mary şäherindäki bu arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň Aşgabatdan geljek gözegçiler bilen baglanyşyklydygyny, olar gelende şäherde we bilim edaralarynda ähli zadyň, ýolbaşçylaryň sözlerine görä, “bir kemsiz bolmalydygyny” hem belledi.

Şol bir wagtda, ol bilim edaralarynyň ýa-da mekdepleriň işgärleriniň bu “arassaçylyk we abatlaýyş işlerine edilýän çykdajylar üçin” öz zähmet haklaryndan pul tölemäge mejbur edilýändigini hem aýdýar.

“Ortaça 3000 manat çykdajy edilen bolsa, ony mekdepde näçe işgär bolsa şonça bölýärler. Mysal üçin, mekdepde 70-80 adam, şol sanda mugallym, garawul, tam süpüriji we bagban işleýän bolsa, olaryň her biriniň zähmet hakyndan 50 manat pul tabşyrmaly edýärler” diýip, habarçy Mary şäheriniň 14-nji orta mekdebinde işleýän mugallymlaryň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da, maryly mugallymlar şeýle arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçen ýyllarda hem geçirilendigini we bu çäreler üçin sarp edilýän gurluşyk serişdeleriniň gurply ene-atalar tarapyndan üpjün edilýändigini aýdýarlar.

“Bizden ýygnalýan pul serişdesiniň nirä gidýändigi belli däl. Sebäbi her ýyl täze okuw ýyly başlamazdan öň, telekeçilik bilen meşgullanýan gurply ene-atalaryň köpüsi haýyr-sahawat üçin boýag, sement getirip, mekdebe tabşyrýarlar ýa-da asfalt guýmaly ýerleri bejerip berýärler. 1-nji sentýabrda geçirilýän dabarada şol kömek beren maşgalalaryň atlary köpçülikde okalyp, olara minnetdarlyk bildirilýär. Bizden ýygnanan pul bolsa, mekdep ýolbaşçysynyň eline gowşurylýar, ýöne soňra onuň nirä gidýäni belli däl” diýip, 14-nji orta mekdebiň anonim şertde söhbetdeş bolan bir mugallymy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Mary şäheriniň 14-nji orta mekdebi we Mary welaýatynyň Bilim bölümi bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde dürli çäreler, şol sanda prezidentiň portreti we bag ekmek üçin mugallymlardan we okuwçylardan puluň ýygnalýandygy barada Azatlyk Radiosy wagtal-wagtal habar berip gelýär.

16-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy mekdeplere baýdak, prezidentiň portretini, dokument salynýan bukjalary hem-de beýleki esbaplary satyn almak üçin 11-nji klas okuwçylardan adam başyna 400 manat pul ýygnalýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýyly sentýabr aýynyň 1-den maý aýynyň 25-ne çenli dowam edýär.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG