Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Russiýada Putin bilen Siriýany maslahatlaşýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýagdaýlary maslahat eder. Türkiýe bu sebitde kürt güýçlerine garşy hüjüme geçipdi.

Waşingtonyň araçylygynda ok atyşyklary bäş günlük togtatmak baradaky gelnen ylalaşyk hem gepleşikleriň geçirilýän gününde tamamlanýar.

Türkiýe Siriýa bilen serhedinde 120 kilometrlik “howpsuz zolagy” esaslandyrmagy maksat edinýär. Ankara bu ýerde 2 milllion töweregi uruş bosgunynyň ýerleşdiriljekdigini aýdýar.

Putin bilen gepleşiklerden soňra, Türkiýe Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky sebitlerinde nobatdaky “zerur” ädimleri äder diýip, Erdogan 21-nji oktýabrda Stambulda çykyş etdi.

“Bilşiňiz ýaly, Russiýanyň goragy astyndaky siriýa režiminiň güýçleri biziň operasiýa geçirýän käbir sebitlerimize ýerleşdirildi. Biz muny sişenbe güni jenap Putin bilen maslahatlaşarys. Biz muňa çözgüt tapmaly” diýip, Erdogan belledi.

Kreml duşuşygyň Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG