Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Azerbaýjana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Bakuwa geldi diýip, “Trend” habar gullugy Azerbaýjanyň prezidentiniň metbugat-gullugyna salgylanp habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, türkmen prezidenti Azerbaýjanda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyňXVIII sammitine gatnaşar.

Prezident Berdimuhamedowy Haýdar Alyýew adyndaky aeroportda Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, daşary işler ministriniň orunbasary Mahmud Mammad-Guliýew we beýleki resmiler garşy aldylar.

DH ozal, 18-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda Azerbaýjana sapar edip, Baku şäherinde Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşjakdygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG