Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon, YD-dan nebit ýataklaryny goramak üçin, demirgazyk-gündogar Siriýadaky güýçlerini artdyrmagy planlaşdyrýar


Kürt güýçleri 2018-nji ýylda Deir er-Zor welaýatyndan YD jeňçilerini kowup çykarandan soň, ol ýerdäki has girdejili nebit ýataklaryna gözegçiligi ele geçirdi.
Kürt güýçleri 2018-nji ýylda Deir er-Zor welaýatyndan YD jeňçilerini kowup çykarandan soň, ol ýerdäki has girdejili nebit ýataklaryna gözegçiligi ele geçirdi.

Pentagon gaýtadan janlanmagy ahmal “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň nebit ýataklaryny ele geçirmeginiň öňüni almagy üçin, demirgazyk-gündogar Siriýa sebitindäki harby güýçlerini kuwwatlandyrmagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.

24-nji oktýabrda gelnen karar prezident Donald Trampyň ABŞ goşunlaryny türk güýçlerine siriýaly kürt söweşijilerden saplanan “howpsuzlyk zonasy” diýilýäni döretmäge ýol bermek üçin Türkiýäniň serhet boýlaryndan çykarýandygyny yglan etmeginiň birnäçe gün yz ýanyna gabat geldi.

Türk we rus güýçleri indi bu sebitde, serhediň golaýynda, ozal ABŞ güýçleri we olaryň kürt milisiýa ýaranlary tarapyndan saklanan ýerde bilelikde garawulçylyk çekýär.

Trampyň bu ýerden goşun çykarmak karary demokrat we respublikan kanun çykaryjylar we beýlekiler tarapyndan berk tankyt edildi. Olar kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýa demokratik güýçleri (SDF) tarapyndan tussaglykda saklanylýan 10 müň çemesi YD ýesiriniň başagaýlyk arasynda gaçyp gutulmagyndan alada bildirdiler.

"ABŞ-nyň we biziň hyzmatdaşlarymyzyň “Yrak we Siriýadaky Yslam döwletine” (YSYD-a) garşy söweşde gazanan iň düýpli üstünlikleriniň biri gündogar Siriýadaky nebit ýataklaryna kontrollygy ele geçirmek boldy, bu ýataklar YSYD-nyň esasy girdeji çeşmesi bolupdy” diýip, goranmak resmisi “YD-yň” beýleki gysgaltmasyny ulanyp, 24-nji oktýabrdaky beýanatynda aýtdy.

“ABŞ şol nebit ýataklarynyň täzeden YSYD-a ýa-da beýleki durnuksyzlaşdyryjy taraplaryň eline geçmeginiň öňüni almak üçin demirgazyk-gündogar Siriýada, SDF-li hyzmatdaşlarymyz bilen kordinasion aragatnaşykda bolup, goşmaça tehnikalar bilen öz pozisiýamyzy pugtalandyrmaga ygrarlydyr” diýip, beýanatda aýdylýar.

“Biz YSYD-yň täzeden janlanmazlygyny gazanmak üçin bu girdeji çeşmelerine olary goýbermeli däl” diýip, beýanatda bellenilýär.

Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň çekilmegi barada eden çykyşyndan soň, Tramp 23-nji oktýabrda nebit ýataklaryny goramak üçin birnäçe goşunyň yzda galjakdygyny aýtdy.

“Biz nebiti mäkämledik, şonuň üçin nebitiň bar ýerinde az sanly ABŞ goşuny galar” diýip, Tramp aýtdy. Ol yzda galýan harbylaryň sanynyň 200-300 töweregindedigini bildirdi.

Pentagonyň soňky beýanatynda harbylaryň sany ýa-da olaryň göz öňünde tutýan bazalarynyň takyk ýeri aýdyňlaşdyrylmady, ýöne ýer babatda Siriýanyň Deir el-Zour welaýatyndaky nebit ýataklaryna salgylanylýana çalym edýär.

Goranmak sekretary Mark Esper ABŞ-nyň harby güýç saklamaga dowam etmeginiň esasy maksady YD söweşijileri nebit ýataklaryny we olardan gelýän girdejä gözegçiligi ele geçirmez ýaly olary saklamakdan ybaratdygyny aýtdy.

Siriýanyň nebit senagatynyň agramly bölegi weýran edildi, ýöne ýurduň gündogar böleginde käbir operasiýalar heniz hem bar, olar ol ýerdäki kürt ýolbaşçylygyndaky administrasiýa üçin möhüm girdeji çeşmesidir.

Kürt güýçleri 2018-nji ýylda Deir er-Zor welaýatyndan YD jeňçilerini kowup çykarandan soň, ol ýerdäki has girdejili nebit ýataklaryna gözegçiligi ele geçirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG