Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow goşulmaýan ýurtlary Türkmen bitaraplygynyň dabaralaryna goşulmaga çagyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitinde söz sözleýär. Baku, 25-nji oktýabr, 2019.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitinde söz sözleýär. Baku, 25-nji oktýabr, 2019.

25-nji oktýabrda Bakuwyň Kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitiniň açylyşy boldy.

TDH bu foruma dünýäniň 160-a golaý ýurdundan döwlet we hökümet baştutanlarynyň, ýokary wezipeli wekilleriň hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, G-77 toparynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň gatnaşandygyny habar berýär.

“Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine bilelikde garşy durmagy, oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy öz içine alýan sebit hem-de ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi” diýip, döwlet eýeçiligindäki neşir belleýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda azerbaýjanly kärdeşi Ylham Alyýew bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary öüsdürmek hakynda gepleşik geçirdi, Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitinde söz sözledi.

“Häzirki döwürde Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletlere esasy maksada ýetmäge — ählumumy parahatçylygy, strategik durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga hem-de goldamaga gönükdirilen, birleşdirilen we bir maksada niýetlenen tagallalar zerur bolup durýar” diýip, Berdimuhamedow sözüniň başynda aýtdy.


Şeýle-de ol, “soňky döwrüň ähli howplaryna hem-de wehimlerine garamazdan, Türkmenistan biziň bilelikde olara garşy durmagyň netijeli gurallaryny tapjakdygymyza ynanýar” diýdi.

“Biziň pikirimizçe, ynanyşmak we hereketleriň aýdyňlygyny dikeltmek we ykrar etmek halkara giňişliginde netijeli, hemmeleriň bähbitlerini göz öňünde tutýan gatnaşyklary guramagyň, parasatly çözgütleri kabul etmegiň esasy şerti bolup durýar” diýip, prezident aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “Dünýä bileleşiginiň terrorçylyga garşy göreşmegiň netijeli halkara gurallaryny döretmek boýunça tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny doly möçberde durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär”.

Emma hukuk goraýjylar Aşgabady başga pikirli raýatlaryny esaslandyrylmadyk terrorçylyk işjeňliklerinde, dini ekstremizm aýyplamalarynda aýyplap, bikanun uzak möhletli türme tussaglyklaryna sezewar etmekde, gynamakda aýyplaýarlar.


Türkmen prezidenti Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletlere gönüden-göni degişli meseleleriň ýene-de biriniň bosgunlar meselesidigini belläp, Türkmenistanyň 20 müňden hem köpräk bosguna we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk berendigini aýtdy.

Emma ol soňky 20 ýylda ýurtdan çykyp gitmäge mejbur bolan türkmen raýatlary, olaryň käte ölüm düşeginde ýatan ýakynlary bilen hoşlaşmak üçin däl, merhumlarynyň ýerine görünmek üçin hem yzyna dolanyp bilmezlikleri, eýranly, owganystanly türkmenleriň öz taryhy watanlaryna syýahat etmek üçin hem wiza alyp bilmeýişleri barada aýdylýanlary agzamady.

Resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumatlara görä, soňky on ýylda syýasy-ykdysady we medeni meseleler bilen bagly, 2 milliona golaý ýaşaýjynyň Türkmenistandan başga ýurtlarda ýaşamaga gidendigi, okamaga giden ýaşlaryň arasynda yzyna dolanmak islemeýänleriň gitdigiçe köpelýändigi aýdylýar.


Berdimuhamedow Türkmenistanyň “ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça düýpli işleri geçirýändigini” aýtdy, azyk howpsuzlygy, “islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde ýeterlikli iýmitlenmegiň üpjün edilmegi”, Hazar deňziniň ekologiýasy, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygyny bellemek barada hem durup geçdi.

“Şu mümkinçilikden peýdalanyp, men goşulyşmaýan ýurtlaryň ähli döwlet baştutanlaryny we wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny şol dabaralara gatnaşmaga çagyrýaryn” diýip, Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda guraljak dabaralar üçin çakylyk etdi.

Türkmenistanda ýylda onlarça ýüzlerçe köpçülik çäresi, onlarça halkara konferensiýasy we maslahat, uly dabaralar gurnalýar.

Şeýle dabaralar wagtynda paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary uly hereket çäklendirmelerine sezewar edilýär we olar sowlanda, egninden ýüki aýrylan ýaly, adamlar uludan we ýeňillik bilen dem alýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG