Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýeden Ýewropa aşmaga synanyşýan türkmenistanly bosgunlar köpelýär


Türkiýäniň baýdagy
Türkiýäniň baýdagy

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda daşary ýurtlara eklenç gözlegine çykyp, Türkiýäniň döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip, Ýewropa gitmäge synanyşyk edýärkä ele salynýan türkmenistanly bosgunlar barasynda, türk mediasynda habarlar çykýar.

Читайте также на русском

Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatlaryndan çen tutulsa, Ýewropa gitmäge synanşyk edýänler öň Eýranyň üstünden bikanun ýagdaýda döwlet serhetlerini geçip gelenler bolsa, soňky ýyllarda olara zähmet migrantlarynyň hem barha köp goşulýandygy aýratyn üns çekýär.

Azatlyk Radiosyna şeýle temada köpsanly maglumat gelip gowuşýar we bu ugurda pikiri soralan Türkiýede işläp ýören türkmenistanly migrantlaryň aglabasy bu ýagdaýy tassyklaýar.

Türkiýäniň "Hürriýet" gazetiniň habaryna görä, ýurduň Gresiýa we Bolgariýa bilen serhetleşýän Edirne welaýatynda, žandarm gullugynyň işgärleriniň geçiren barlagynda, döwlet araçägini bikanun ýoldan geçip, Ýewropa gitmäge synanyşýan türkmenistanlylar bilen jemi 32 daşary ýurtly gaçgak bosgun saklandy.

Türkiýäniň "CNN-Turk" telekanalynda görkezilen habarda aýdylşyna görä, Edirne welaýatynyň žandarm serkerdeligine degişli 54-nji motorlaşdyrylan pyýada goşun birleşiginiň esgerleri "Bosna" atly obada we Hawza etrabynda geçiren ýol barlagynda, bikanun ýoldan Ýewropa gitmäge synanyşan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Palestinanyň, Marokkanyň, Tunisiň, Alžiriň we Liwiýanyň raýatlaryndan ybarat bolan jemi 32 bosgun gaçgagy saklapdyr.

"Sabah" gazeti bolsa 27-nji martda gaçgaklaryň resmi işleriniň tamamlanandan soňra Edirne welaýatynyň migrasiýa edarasynyň garamagyna tabşyrylandygyny ýazýar.

Belläp geçsek, Ýewropa bikanun ýoldan gitmäge synanyşan saklanan 32 daşary ýurtly bosgunyň arasynda Türkmenistanyň näçe raýatynyň bardygyny Edirne mirgasiýa edarasynyň üsti bilen anyklamak we degişli türk resmilerinden olar barasynda jikme-jik maglumat almak synanyşyklaryna garamazdan, bu Azatlyk Radiosyna başartmady.

Beýleki tarapdan, Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatyna görä, diňe Edirne welaýatynda 2016-njy ýylda 31 müň, 2017-nji ýylda 50 müň bosgun döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip, Ýewropa gitmäge synanyşýarka saklanypdyr.

XS
SM
MD
LG