Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussagdaky rus agenti Butina ABŞ türmesinden boşadylandan soň Moskwa geldi


ABŞ türmesinde 9 aý oturan Maria Butina Moskwa geldi.
ABŞ türmesinde 9 aý oturan Maria Butina Moskwa geldi.

Tussaglykdaky rus agenti Maria Butina ABŞ türmesinden boşadylandan bir gün soň Moskwa geldi, ol Birleşen Ştatlarda hasaba alynmadyk daşary ýurt agenti hökmünde hereket etmekde aýyplanyp saklanýardy.

Uniwersiteti tamamlan we ABŞ-nyň konserwatiw syýasy toparlarynyň arasyna sümlüp, Donald Trampyň häkimiýete gelýän döwürlerinde Orsýetiň bähbitlerini ileri sürmäge çalşan Butina 25-nji oktýabrda Floridadaky türmeden boşadylyp, Moskwa uçýan uçara mündürildi.

Ol 2018-nji ýylyň iýulynda tussag edileli bäri bendilikde saklanýardy.

Butina dekabrda Orsýetiň haýryna hasaba alynmadyk agent hökmünde hereket etmek üçin dil düwşendigini aýdyp, öz günäsini boýun aldy.

Ol 2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýalary mahalynda, Tramp demokrat Hillary Klintondan üstün çykan wagtynda, konserwatiwleriň arasyndan aragatnaşyk kanallaryny tapmak üçin, ozalky rus kanun çykaryjysy bilen bilelikde, Milli ýarag bileleşigindäki tanyşlyklaryny güýçlendirmek ugrunda işländigini boýun aldy.

Butina bu tagallalaryny Adalat departameninden gizlemek bilen, ABŞ kanunlaryny bozdy. Kanun daşary ýurt hökümetleri üçin tagalla edýän adamlaryň Birleşen Ştatlarda bu işleri boýunça hasaba alynmagyny talap edýär.

Butina 18 aý türme tussaglygyna höküm edildi, ýöne ýyl kesilmezden öň oturan wagty sebäpli azatlyga çykdy.

XS
SM
MD
LG