Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan bilen Pakistanyň güýçleriniň arasynda atyşyk boldy, azyndan üç adam öldi


Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary. Illýustrasiýa suraty
Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary. Illýustrasiýa suraty

Owganystanyň we Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri iki ýurduň dawaly serhet regionynda çaknyşdylar. Wakanyň netijesinde parahat ýaşaýjylardan azyndan üç adam öldi diýip, owgan resmileri aýdýarlar.

27-nji oktýabrda Owganystanyň gündogaryndaky Kunar welaýatynda ok atyşyk başlady we bu ertesi daňdana çenli dowam etdi diýip, resmiler aýtdylar.

Kunar welaýat geňeşiniň agzasy Şer Zamin Han Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri serhetde ýerleşýän Nari etrabynyň çäginde harby desgany gurmaga synanyşandan soňra atyşyklaryň başlandygyny mälim etdi.

Han wakada üç owgan aýalanyň ölendigini we başga-da üç adamyň ýaralanandygyny belledi.

Kunar welaýat häkiminiň metbugat wekili Abdul Gani Musamemiň sözlerine görä, Pakistanyň güýçleri serhet araçäklerine minomýotlary we raketalary atdy.

Pakistan bu waka barada häzirlikçe kommentariý bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG