Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda aradan çykdy


Sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý
Sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý

Tankytçylary dymdyrmak üçin Sowet Soýuzynyň psihiatriýadan haýynlykly peýdalanmagynyň paş edilmegine goşant goşan, sowet döwrüniň tanymal dissidenti Wladimir Bukowskiý 76 ýaşynda Britaniýada aradan çykdy.

Soňky ýyllarda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan Bukowskiý 27-nji oktýabrda giçlik Britaniýanyň Kembrijdäki keselhanalarynyň birinde ýürek näsazlygy netijesinde aradan çykdy diýip, onuň bilen ilteşikli, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän meýletin gurama “Bukowskiý merkezi” aýtdy.

Bukowskiý 1960-njy we 1970-nji ýyllarda “anti-sowet agitasiýada we propagandada” aýyplanyp, 12 ýylyny Sowet Soýuzynyň türme lagerlerinde we psihiatrik keselhanalarda geçirdi.

Ol Sowet Soýuzynyň syýasy tussaglary jezalandyrmak üçin psihiatrik merkezlerden peýdalanýandygyny ilkinji bolup habar berenleriň biridi.

Sowet hökümeti ony 1979-njy ýylda Çiliniň kommunist lideri Luis Korwalan bilen çalşanyndan soňra Bukowskiý Britaniýada ýaşady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň berk tankytçysy bolan Bukowskiý 2006-njy ýylda Kremli öňki rus aňtaw ofiseri Aleksandr Litwinenkonyň Londonda radiasiýa bilen zäherlenip öldürilmegine gatnaşanlykda aýyplady.

Ol 2008-nji ýylda Orsýetde geçen prezident saýlawlaryna dalaşgär bolup goşulmaga synanyşdy, bu saýlawlary bolsa iň soňunda gazanan Putiniň saýlap tutany Dmitriý Medwedew boldy.

Bukowskiniň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, rus ilçihanasynyň işgärleri Putine garşy beýanatlary sebäpli, onuň pasportyny täzelemekden boýun gaçyrypdyrlar.

Bukowskiý 2016-njy ýylda çagalaryň ahlaksyz suratlaryny döretmekde we saklamakda aýyplanyp, Britaniýada kazyýete çekildi.

Geçen ýyl britaniýaly bir kazy ol “agyr ýürek, öýken, bagyr we böwrek kesellerinden ejir çekýär”, şol sebäpden kazyýet prosesine ýarawsyz diýip karar çykardy.

Ýöňkelýän günäler bilen baglylykda 11 babatda aýyplama bilen ýüzbe-ýüz bolan Bukowskiý 2015-nji ýyldaky başlangyç diňlenişikde özüniň bigünädigini aýtdy.

2018-nji ýylda bolsa ol bulary “tutuşlygyna ret edýändigini” aýdyp, aýyplamalara protest hökmünde açlyk yglan etdi.

Bukowskiý Londondaky Ýokary adalat kazyýetine-de arza bilen ýüz tutup, özüniň Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) töhmet kampaniýasynyň pidasydygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG