Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sofiýa içalyçylykda aýyplanan rus diplomatyna Bolgariýany terk etmek üçin 24 sagat berdi


Sofiýadaky rus ilçihanasy
Sofiýadaky rus ilçihanasy

Bolgariýanyň Daşary işler mininistrligi, Moskwadan 28-nji oktýabra çenli ony yzyna çagyrmak baradaky talaby berjaý edilmänsoň, içalyçylykda aýyplanan rus diplomatyna ýurtdan çykmak üçin 24 sagat wagt berdi.

Ministrlik başda Moskwanyň Sofiýadaky Rus ilçihanasynda işleýän dokuz sekretarynyň biriniň Bolgariýany 28-nji oktýabra çenli terk etmelidigini aýtdy.

Rus ilçihanasy 30-njy oktýabrda içalyçylykda güman edilýän rus diplomatynyň Bolgariýany 24 sagat içinde terk etmelidigi barada resmi hat alandygyny tassyk etdi. Rus ilçihanasy öz işgäriniň bu talaby berlen möhlet içinde berjaý etjekdigini aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksander Gruşko Orsýetiň öz ilçihana işgäriniň Bolgariýadan çykarylmagyna gaýtargy berjekdigini aýtdy.

Ne Bolgariýanyň DIM-i, ne-de Sofiýadaky Baş prokuratura, ne-de rus ilçihanasy güman edilýän içalynyň adyny aýtdy.

Rus ilçisiniň garşysyna açylan derňew işleri 28-nji oktýabrda, onuň diplomatik eldegrilmesizligi esasynda togtadyldy.

Güman edilýän rus ilçisiniň ýokary derejeli bolgar resmileri bilen, Bolgariýa, NATO we ÝB meseleleri boýunça gizlin maglumatlary almak üçin, gizlin duşuşyk geçirendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG