Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçy partiýanyň agzalary Yslamabada toplanýar, PM-niň işden çekilmegine çagyrylýar


“Jamiat Ulema-e-Islam” partiýasynyň lideri Maulana Fazlur Rehman

Radikal yslamçy partiýanyň müňlerçe agzasy paýtagt Yslamabada toplandy, olar premýer-ministr Imran Hanyň ykdysady kynçylyklar sebäpli işden çekilmegini talap edýärler.

“Jamiat Ulema-e-Islam” partiýasynyň lideri Maulana Fazlur Rehman 27-nji oktýabrda ýurduň günortasyndaky Karaçi şäherinden “Azatlyk ýörişine” başlady.

Demonstrasiýaçylar awtobuslarda, tigirli, motorly we hususy maşynlarda, 31-nji oktýabr agşamy geçiriljek anti-hökümet ýygnanyşygyna ýetişmek üçin paýtagta geldiler.

Häkimiýetler köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň Gyzyl zona, hökümet edaralarynyň we parlament binasynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerleşýän ýerine gelmeginiň öňüni almak üçin, esasy köçelerde polisiýa işgärlerini, harbylaşdyrylan bölümleri we transport konteýnerlerini ýerleşdirdiler.

Häkimiýet başyna geçen ýyl gelen Imran Han inflýasiýanyň ýokarlanmagyna we durmuşyň gymmatlamagyna garamazdan, işden çekilmekden boýun gaçyrdy.

Rehman Hanyň işini bilmeýändigini, onuň hökümetiniň 2018-nji ýyldaky galplaşdyrylan saýlawlardan soň, pakistan harbylary tarapyndan bikanun ýagdaýda gurlandygyny aýdýar.

"Biz premýer-ministriň işden çekilmegini isleýäris” diýip, Rehman täze, “azat we adalatly” saýlawlaryň geçirilmegini talap edip aýtdy.

Han Pakistanyň 2018-nji ýyldaky saýlawlarynda korrupsiýanyň soňuna çykmak, orta gatlak maşgalalaryna kömek etmek we ýurduň kösençlikdäki ykdysadyýetini ýola salmak wadalary bilen ýeňiş gazandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG