Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik häkimiýetleri AÝ/AR žurnalistlerine diňe çäklendirilen ygtyýarnama berýär


AÝ/AR-nyň Täjik gullugyny, Ozodi radiosynyň direktory Salimjon Aýubow

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi AÝ/AR-nyň Duşenbedäki ýedi žurnalistiniň akkreditasiýasyny bölekleýin täzeledi, emma ministrligiň düzgünleri esasynda kepillendirilen bir ýyllyk ygtyýarnama bermekden kelte gaýtdy.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň, Ozodi radiosynyň direktory Salimjon Aýubow 31-nji oktýabrda alty žurnaliste alty aýlyk iş rugsadynyň teklip edilendigini, ýedinji žurnaliste bolsa bary-ýogy üç aýlyk iş rugsadynyň berlendigini aýtdy.

Ozodiniň jemi dokuz žurnalistiniň 1-nji noýabrda möhleti tamamlanýan iş rugsady uzaldylmalydy. Emma ministrlik iki žurnalistiň, şol sanda Duşenbedäki býuronyň iş başyndaky başlygynyň iş rugsadynyň möhletini uzaltmady.

Bu karar barada hiç bir düşündiriş berilmedi.

31-nji oktýabrdaky karar Täjigistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan iş rugsady uzaldylmadyk Ozodi žurnalistleriniň we goldawçy işgärleriniň sanyny 11-e ýetirýär.

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý ministrligiň Täjik gullugynyň käbir žurnalistleriniň rugsadynyň möhletini uzaltmazlygy we bölekleýin uzaltmagy guramanyň ýurduň içindäki işine bökdençlik bolup durýar diýdi.

“Biziň meselelerimizi çözmäge derek, siziň ministrligiňiz biziň žurnalistlerimiziň iş rugsatlarynyň möhletlerini uzaltmak baradaky haýyşymyza diňe düýn jogap berdi, özem diňe bölekleýin tassyklamalar bilen, biziň žurnalistlerimiziň işlemekleri üçin esasy hukuklaryny ykrar etmekden kemter gaýtdyňyz” diýip, Flaý aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG