Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň gapma-garşylykly ‘özygtyýarly internet’ kanuny güýje girýär


Moskwada proteste gatnaşyjylar. 10-njymart, 2019.

Orsýetiň internet hakyndaky gapma-garşylykly kanuny, tankytçylaryň hökümetiň ony onlaýn işjeňliklerine edýän gözegçiligini güýçlendirmek üçin ulanyp biljekdigi baradaky duýduryşlary arasynda, 1-nji noýabrda güýje girdi.

Kanun çykaryjylar tarapyndan kabul edilen we şu ýylyň başynda prezident Wladimir Putin tarapyndan gol çekilen “özygtyýarly internet” kanuny diýilýän üpjün edijilerden internet trafigini döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän baglanyşygyň üstünden geçirmegi üpjün edýän enjam oturtmagy talap edýär.

Şeýle-de bu kanun rus domeýn atlaryny döretmek ulgamyny öz içine alýar.

Kanunyň tarapdarlary onuň internetde Runet diýip bilinýän rus segmentini has garaşsyz etjekdigini aýdýarlar.

Şeýle-de olar bu kanunyň Orsýeti kiber hüjümlerinden goramak üçin zerurdygyny öňe sürýärler.

Emma tankytçylar täze kanunyň internetiň uly bölegine senzura edilmegine alyp geljekdigini, rus aňtaw gulluklaryna internet ulanyjylara has ýakyndan gözegçilik etmek mümkinçiligini berjekdigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG