Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prezidenti öz giýewisini Bolgariýada ilçi wezipesine belledi


Temirtaý Izbastin (sagda)

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz giýewisi Temirtaý Izbastini Bolgariýada ilçi wezipesine belledi.

Prezidentiň metbugat gullugy 61 ýaşyndaky Izbastiniň, Tokaýewiň aýal dogany Karlygha Izbastinanyň adamsynyň ilçilige bellenendigini 1-nji noýabrda yglan etdi.

Ol 1994-nji ýyldan bäri Gazagystanyň beýleki ýurtlardaky diplomatik missiýalarynda işleýärdi.

Media habarlarynda aýdylmagyna görä, Tokaýewiň ogly Timur Tokaýew hem-de Izbastiniň ogly Muhamed Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau sebitinde işleýän firmanyň, “Abi Petroleum Capital nebit kompaniýasynyň” esaslandyryjylary bolup durýar.

66 ýaşyndaky Tokaýew ýurduň uzak wagtlyk prezidenti Nursoltan Nazarbaýew martda birden işden çekilýändigini yglan edeninden soň prezident boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG