Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Orsýetiň krymly erkeleri harby gulluga çagyrmagy halkara kanunlaryna ters gelýär


Hýug (Hugh) Williamson
Hýug (Hugh) Williamson

“Human Rights Watch” (HRW) rus häkimiýetleriniň basylyp alnan Krymdaky erkekleri rus ýaragly güýçlerine gulluk etmekleri üçin çagyrmagy halkara kanunçylygyna ters gelýär diýýär.

“Basyp alyjy güýç hökmünde, Orsýetiň adamlary harby gulluga çagyrmaga-ha bir haky ýok, eýsem şeýle çakylygyň taslamasy hem halkara kanunçylygyny gödek bozmak bolýar” diýip, adam hukuklaryny goraýan guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Hýug (Hugh) Williamson 1-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

“Öz kanun bozmalaryny goşalandyrmak bilen, rus häkimiýetleri öz ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk etmekden boýun gaçyran adamlaryň garşysyna jenaýat işlerini hem açýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Dördünji Ženewa konwensiýasyna laýyklykda, basyp alyjy döwlet basylyp alnan territoriýanyň ýaşaýjylaryny öz ýaragly güýçlerinde ýa-da kömekçi güýçlerinde gulluk etdirmek üçin çagyryp bilmeýär, bu şertnama Orsýet hem gol çekdi. Şeýle-de bu konwensiýa “meýletin harby gulluga ýazylmagy üpjün etmäge gönükdirilen basyşy we wagyzlary göni gadagan edýär” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama aýtdy.

Orsýet Ukrainanyň Krym regionyny 2014-nji ýylda öz gözegçiligi astyna geçirdi we ony derrew anneksiýa etdi, halkara jemgyýetçiligi Moskwanyň bu ädimini ykrar etmedi. Şeýle-de Kreml gündogar Ukrainada söweşýän separatistlere goldaw berýär, bu uruşda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 13 müňden gowrak adam öldi.

HRW basyp alyjy güýçleriň harby gullukdan boýun gaçyrýan ýerli adamlara garşy jenaýat işlerini açýandygyny, soňky ýyllarda şeýle esasda jeza berlen erkekleriň sanynyň köpelýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG