Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň “Türkmen albaýynyň” dabarasy Sankt-Peterburgda tutuldy


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny görkezýär. 13-nji sentýabr, 2019.

1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň prezidentiniň “Türkmen alabaýy” kitabynyň tanyşdyryş dabarasy we “Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi diýip, Türkmen DIM-niň saýty habar berýär.

Bu çäre gatnaşmak üçin Türkmrenistandan hem ýörite delegasiýa bardy, olar esasan Medeniýet ministrliginiň, Suratkeşler birleşiginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat boldy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, dabarada çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň çapdan çykmagynyň “milli gymmatlygyň wagyz edilmeginiň iň ýokary belentligi bolandygyny” nygtadylar.

Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitaby 13-nji sentýabrda çapdan çykdy we bir hepdäniň içinde paýtagtda we ýurduň çar künjeklerinde guralan tanyşdyryş dabaralarynda 'mukaddes', henize çenli ýazylmadyk 'mertebeli kitap' hökmünde wasp edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG