Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow alabaý hakyndaky kitabyny tamamlady, hökümet mejlisinde itleri taryplaýan goşgusyny okady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde täze kitabyny görkezýär. 13-nji sentýabr, 2019.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde täze kitabyny görkezýär. 13-nji sentýabr, 2019.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji sentýabrda geçirin hökümet maslahatynyň ahyrynda ýene bir kitabyny - türkmeniň alabaý iti baradaky eserini ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

TDH bu kitapda ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen durmuşynyň bir bölegine öwrülen alabaýyň gylyk-häsiýetleriniň we ähmiýetiniň beýan edilýändigini aýdýar.

Prezident mejlis tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlaryň täze kitaby alyp biljekdigini, ýagny onuň eýýäm çapdan çykandygyny hem sözüne goşdy.

Şol bir wagtda-da Berdimuhamedow, belki-de täze kitaby çapdan çykýan wagtynda, türkmen alabaýy barada goşgy ýazandygyny aýtdy we mejlisde okap berip, oňa gatnaşyjylaryň täze eser baradaky oý-pikirlerini aýtmaklaryny sorady.


G.Berdimuhamedowyň täze goşgusy awtoryň okamagynda telewideniýede eşitdirilenden soň, döwlet eýeçiligindäki websaýtlarda hem çap edildi. Onuň dowamynda türkmen iti “Agramyna altyn berlen, Halal, türkmen alabaýy” diýip wasp edilýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly edebitýatçy G.Berdimuhamedowyň döwlet işleriniň daşyndan türkmen jemgyeýtinde itlere bolan aňyrdan gelýän garaýyşlary üýtgetmek wezipesini hem öz üstüne alana meňzeýändigini aýtdy.

"Mysal üçin, Magtymguly Pyragy "Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, nesihat ýokmaýan ärden" diýip, aýdylan nesihaty almaýan adamy, gylyksyz bir haýwan hökmünde, ite deňäpdir. Magtymgulynyň "It ýalyn topraga dökseň hoşlanar, Aňlar äriň aňlamasy güýçlener" diýen setirleri hem aňly-başly adam bilen it janaweriň arasyndaky tapawuda ünse çekýär. Mundan başga, halk içinde-de it hakynda "itiň art aýagyndan suw içirmek" diýen ýaly, juda agyr ýagdaýy nazarda tutulyp aýdylan aňlatmalar kän" diýip, aşgabatly ýazyjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy we türkmenistanlylaryň köpüsiniň häzir şeýle agyr günleri başdan geçirýändigini belledi.

Prezident mejlisde geçen hepde esgerleriň we serkerdeleriň harby tälimleri bilen tanşandygyny ýatladyp, ýörite maksatly “Türkmen edermen” toparynyň nyşanynyň türkmen alabaýy bolmagynyň hem "bellärliklidigini" aýtdy.

Esgerler we serkerdeler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler, Watan goragçylarynyň ata Watanymyz üçin şirin janlaryny gurban etmäge taýýardyklaryna göz ýetirdim” diýip, TDH prezidentiň aýdan sözlerini getirýär we bu ýagdaýyň döwlet baştutanyny it hakynda goşgy ýazmaga ruhlandyrandygyny nygtaýar.

Görnüşinden, G.Berdimuhamedowyň “Watan goragçylarynyň ata Watanymyz üçin şirin janlaryny gurban etmäge taýýardyklaryna göz ýetirmegi” onuň “Gerek bolsa, gerçek ýaly,//Edermen türkmen alabaýy” diýip, itleri watan goraýan esgerler bilen deň derejede goýmagyna itergi beripdir.


Haýwanlaryň hukuklaryny goraýjy aktiwistler Türkmenistanda hususy jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagy, ykdysady kynçylyklary çuňlaşmagy netijesinde, Aşgabatda we onuň töwereginde eýesiz it-pişikleriň köpelendigini, häkimiýetleriň ol janawerleri rehimsizlik bilen ýok edýändiklerini habar berýärler.

Mundan öň Berdimuhamedow ýyl başynda özüne sowgat berlen taýçanaga “Rowaç” adynydakyp, soň oňa bagyşlap goşgy hem ýazdy. Bu goşgy soň aýdyma öwrüldi.


G.Berdimuhamedowyň ýazyjylyk, şahyrlyk we aýdymçy-sazandalyk talantlary 2007-nji ýylda prezident bolandan soň, kem-kemden açyldy we şondan bäri gysga döwürde ol elliden gowrak kitap ýazyp, olary dürli dillerde çap etdirdi.

Emma muňa garamazdan, aýdymlary müňlerçe adam bolup ýerine ýetirilýän aýdymçynyň, kitaplary boýunça sahna eserleri döredilýän ýazyjynyň döredijilikden alýan girdejileri, onuň kitaplarynyň söwdasy, okyjylaryň gyzyklanmasy hakynda maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG