Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýowanowiç Tramp tarapyndan özüne ‘haýbat atylan’ ýaly duýandygyny aýtdy


Marie Ýowanowiç
Marie Ýowanowiç

Üstümizdäki ýylda garaşylmadyk ýagdaýda, Amerikanyň Ukrainadaky ilçisi hökmünde yzyna çagyrylan Marie Ýowanowiç kongresiň derňewçilerine özünde dörän duýgulara görä, wezipeden gitmezden öň döwlet departamenti tarapyndan goldalmandygyny, ondan soňra hem prezident Donald Tramp tarapyndan özüne haýbat atylandygyny aýtdy.

Geçen aýda Birleşen Ştatlaryň kanun çykaryjylarynyň öňünde görkezme beren Ýowanowiç Wekiller öýüniň Tramp impiç edilmelimi ýa-da dälmi diýen barlaglarynyň çäginde soraga çekilen häzirki we öňki amerikan resmileriniň iň ahyrkysydyr.

Ýowanowiçiň 11-nji oktýabrda beren görkezmesiniň käbir bölekleri ozal hem daşara syzdyrylypdy welin, ýöne impiçment synanyşygyny alyp barýan demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky komissiýa onuň 4-nji noýabrda eden çykyşynyň doly ýazgysyny ile elýeterli etdi.

Daşary gullugyň tejribeli işgäri bolan Ýowanowiç maý aýynda wagtyndan öň Kiýewdäki wezipesinden yzyna çagyrylanynda, özüniň Trampyň ýaranlary tarapynda alnyp barylýan garaňky töhmet kampaniýasynyň pidasydygyny aýdypdy.

Ýowanowiç wezipeden gideninden iki aý soňra Tramp Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen telefonda gürleşip, Ýowanowiçi “erbet habarlar” diýip tankytlapdyr.

Şol gepleşigiň dowamynda Tramp Ukrainanyň energiýa kompaniýasy barada barlag geçirmek bilen “bize bir ýagşylyk” ediň diýip sorapdyr. Bu kompaniýanyň ýolbaşçy toparynda bolsa Trampyň syýasy bäsdeşi, öňki wise-prezident Joe Baýdeniň ogly-da bar.

Şol wagtda Tramp Orsýet tarapdan goldalýan separatistleriň garşysyna alnyp barýan urşunda Ukraina üçin zerur bolan 400 million dollar çemesi harby kömegi goýbermän saklap otyrdy. Ak tamyň işgärleriniň başlygy bu kömek Ukrainany Amerikanyň demokratik partiýasy bilen baglanyşykly 2016-njy ýyldaky internet baradaky dildüwşük teoriýasy hakda barlag geçirmäge mejbur etmek üçin saklandy diýdi.

Telefon gepleşigi we bir paş edijiniň bu baradaky beýanaty demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýi tarapyndan alnyp barylýan impiçment işleriniň güýçlenmegine goltgy boldy.

Täze goýberilen ýazgyda bellenmegine görä, Ýowanowiç özüniň Trampa ýeterlik derejede ygrarly däl diýip suratlandyrylyp, bir konserwatiw töhmet kampaniýasyna pida bolup gelýändigini öten ýyl bilip galypdyr.

Ol şeýle hem, öz aýtmagyna görä, Trampyň esasy ýaranlarynyň, şol sanda Trampyň şahsy adwokaty Rudy Giulianiniň özüni ýamanlamak baradaky tagallalarda eliniň bardygyny bilýän eken. Ol Giuliani bilen onuň käbir egindeşleriniň “prezidentlik ugrundaky dalaşa zyýan ýetirmegi mümkin zatlary tapmak maksady bilen” Baýden we energiýa kompaniýasy “Burisma” hakda barlag geçirilmegine gyzyklanýandyklaryny bilýändigini belledi.

Trampyň Zelenskiý bilen eden telefon gepleşiginde özüni tankytlandygyny bileninden soňra näme reaksiýa görkezendigi hakda soralanda, Ýowanowiç Trampyň özi ýa haýsy hem bolsa başga bir ilçi hakda beýle gürlemegine aňk-taňk bolandygyny aýtdy.

Goldawyň gözleginde

Wezipeden yzyna çagyrylmazdan öň ol araçylaryň üsti bilen döwlet sekretary Maýk Pompeodan kömek sorapdyr, ýöne berlen kömek bolmandyr. Ol Waşingtondan nädip köpräk goldaw almak boýunça Amerikanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Gordan Sondlanda-da ýüz tutupdyr.

Ol hem oňa “Twitteriň üsti bilen prezidenti goldaýandygyny aýtmagy” maslahat beripdir.

“Bu meniň ilçi hökmünde we Daşary gulluk işgäri hökmünde öz rolumy ýerine ýetirip bilmeýändigim baradaky maslahatdy” diýip, Ýowanowiç aýtdy.

Ýowanowiç Ukrainadaka öňki amerikan ilçileri ýaly Ukrainanyň hökümet gulluklary we esasy döwlet kompaniýalarynyň arasynda giňden ýaýran korrupsiýanyň arassalanmagyny goldapdy.

Üstümizdäki ýyl Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lutsenko Ýowanowiçi Waşington şularyň kanun taýdan yzarlanmazlygyny buýurdy diýip, özüne ukrain resmilerinden bir sanaw berlenlikde aýyplady. Ol soňra hem bu aýyplamany yzyna aldy.

Ýowanowiçi çykarmak baradaky synanyşykda Lutsenkonyň oýnan roly geçen aýda Amerikan prokurorlary öňki Sowet Soýuzynda doglan iki sany amerikaly biznesmene aýyplaw hökümini bereninden soňra aýan boldy. Iki biznesmen Lew Parnas bilen Igor Fruman kongresiň tehsasly bir agzasyna Döwlet departamentiniň Ýowanowiçi Kiýewdäky wezipesinden yzyna çagyrmagyny gazanmagy tabşyrypdyrlar.

Fruman bilen Parnas hakda soralanda Ýowanowiç kanun çykaryjylara olaryň Ukrainadaky söwda bähbitlerini ýaýbaňlandyrjak bolýan bolmagy mümkin, “olara bu ýerdäki söwda işlerini aňsatlaşdyrar ýaly gowurak ilçi gerek bolandyr” diýip jogap berdi.

Ýowanowiçiň aýtmagyna görä, öten ýylyň aýaklarynda ukrain resmileri oňa Giuliani Lutsenko bilen gatnaşykda we “olaryň planlary bar, olaryň, bilşiň ýaly, sen barada hem etjek işleri bar” diýipdirler.

Wekiller öýüniň kanun çykaryjylary barlagdan öň görkezme beren Amerikanyň öňki resmisi Pompeonyň ýokary derejeli geňeşçisi bolan we soňra bu wezipeden çekilen Mikael MkKinleýiň ýazgysyny hem ile elýeterli etdi.

Ýazgyda aýdylmagyna görä, MkKinleý Döwlet departamentiniň resmilerine Ýowanowiçi açyk goldamak boýunça basyş edipdir.

MkKinleý umumy beýannama çykarmak barada Pompeo we Döwlet departamentiniň beýleki uly wezipeli resmileri bilen göni gürleşendigini aýtdy. Ahyrsoňy, olar oňa özleriniň Ýowanowiçe “gereksiz ýere ünsi çekmek” islemeýändiklerini aýdypdyrlar.

Ýazgyda bellenmegine görä, MkKinleý kanun çykaryjylara şeýle diýipdir: “Meniň wezipeden çekilen mahalym iki möhüm alada bardy. Meniň pikirimçe, Döwlet departamentiniň Daşary gulluk işgärlerine goldaw bermezligine sebäp bolan impiçment barlaglarynyň ara girmegi boldy. Ikinjisi hem onuň içki syýasy bähbitleri ilerletmek üçin, daşary ýurtlardaky ilçilerimizi ulanmak ýaly bolup görünmegi”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG