Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşun bölüminde bolan ganly atyşykda kompýuter oýunlary günäkärlendi


Ramil Şamsutdinow

Hökümetden aýry guramalaryň ikisi, Orsýet ofiserleri we Esger eneleri komiteti geçen aýda Sibirdäki harby bölümde bolan we sekiz adamyň ölümine, iki adamyň ýaralanmagyna getiren ganly atyşyk sebäpli internet oýunlaryny ýazgardy.

Ady agzalan hökümetden aýry guramalaryň wekilleri 5-nji noýabrda Moskwada žurnalistlere Zabaýkalýe sebitindäki harby bölümde, betbagtçylygyň bolan ýerinde dedowşinanyň, esger agalygynyň bolmandygyny aýtdylar we “internetiň baglanmagyna” çagyrdylar.

Şu aralykda, Esger eneleri komitetiniň Zabaýkalýedäki bölüminiň başlygy Walentina Mordowa 6-njy noýabrda AÝ/AR-a Moskwadaky iki guramanyň wekilleriniň aýdýan zatlary bilen “düýpden” ylalaşmaýandygyny aýtdy.

"Faktlar başga ýagdaýy görkezýär. Gynansak-da, ol ýerde dedowşina bar, boldy we bolar. Özem onuň bolmagy wirtual reallyga däl-de, eýsem, biziň içinde ýaşaýan jemgyýetimize esaslanýar” diýip, Mordowa sözüniň üstüni ýetirdi.

Esger Ramil Şamsutdinow 25-nji oktýabrda sekiz sany harby gullukçyny atyp öldürdi, iki harbyny bolsa ýaralady.

5-nji noýabrda oglunyň ýanyna baran Salimžan Şamsutdinow oglunyň dedowşina bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

“Meniň oglum özüniň olaryň özüne eden zatlaryny bagyşlap biolmändigini gürrüň berdi. Olar ony şol dereje ýetiripdirler” diýip, Salimžan Şamsutdinow 6-njy noýabrda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG