Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan 5000 çemesi işgär işinden boşadyldy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu ýylyň güýz paslynda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndan ýurt boýunça 5 müň töweregi işgär işinden boşadyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi habar berýär.

Çeşme howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde beren maglumatynda bu çäräniň iş orunlaryny kemeltmek boýunça kabul edilen kararyň esasynda amala aşyrylandygyny aýdýar.

“Bu san ýurduň bäş welaýatyna degişli. Işinden boşadylan adamlar esasan pagta, bugdaý kabul edýän we saklaýan harmanhanalarda, pagtany arassalaýan we gaýtadan işleýän, pagta çiginden ýag öndürýän hem-de un zawodlarynda, tekstil fabriklerinde işleýärdiler” diýip, çeşme 7-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurduň bir welaýatyndan 1850 çemesi adam işinden boşadyldy. Bu işgärleriň esasy bölegini laboratoriýalarda işleýän işgärler, şeýle-de tehnikler, garawullar, ýük ýükleýjiler we sürüjiler emele getirýär.

Azatlyk Radiosynda bu welaýat barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlygyň çeşmesi ýurduň käbir etraplarynda pagta kabul edýän harmanhanalaryň hem ortaça 35%-niň ýapylandygyny, muňa pagta hasylynyň pesligi sebäpli olaryň aglabasynyň boş durmagynyň sebäp bolandygyny belledi.

“Soňky 10 ýylyň dowamynda harmanhanalaryň bary-ýogy 10%-de pagta saklanýar, galan bölegi boş durýar. Sebäbi pagta hasyly juda pes. Ýapylan şol harmanhanalaryň haýatlary, armaturalary hususy taraplara satyldy” diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi websaýtynda ýa-da ýurduň metbugatynda iş orunlarynyň kemeldilendigini tassyk ýa-da inkär edýän maglumatlar häzirlikçe göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosyna işden boşadylan adamlaryň häzirki ykbalyny, olaryň işsizlik boýunça kömek puly bilen üpjün edilendigini ýa edilmändigini hem anyklamak başartmady.

Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, döwlet konsernleriniň ýapylmagynyň ýa-da birikdirilmeginiň barha ýygjamlaşana meňzeýändigini aýdýarlar.

Munuň bilen bir wagtda, olar ýurduň dürli edara-kärhanalarynda iş orunlarynyň gysgaldylmagynyň yzygiderli ýüze çykýandygyny we işlerini ýitirýän adamlary barha köp görse bolýandygyny belleýärler.

Awgustyň aýagynda Azatlygyň habarçysynyň öňki resmileriň birine salgylanyp ýazmagyna görä, ozalky “Türkmenawtoýollary” ýa Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýapylmagy bilen, bu edaranyň Ahal we Lebap welaýatlaryndaky bölümlerinde müňläp adam işini ýitirdi.

Şonda ministrligiň öňki işgäri bu edaradan tutuş ýurt boýunça 15 müň çemesi adamyň aýlyk alandygyny, olaryň maşgala agzalarynyň indi kyn günleri başdan geçirýändigini gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda işsizligiň derejesi, işini ýitiren adamlaryň sany, olary sosial taýdan goramak, gaýtadan hünär bermek we işe ýerleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada maglumat bermeýärler.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1 million 879 müňden gowrak raýatyň daşary ýurtlara çykyp gidendigini aýdýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG