Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeni aň-bilim edaralaryna iş orunlaryny ortaça 15% kemeltmek tabşyryldy


Türkmen medeniýet işgärleri. Illýustrasiýa suraty
Türkmen medeniýet işgärleri. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky medeni aň-bilim edaralarynyň ençemesine iş orunlaryny ortaça 15% kemeltmek barada görkezme berildi. Bu barada Aşgabadyň we Balkanyň medeni aň-bilim edaralarynda işleýän ýokary derejeli jogapkär resmileriň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysyna gürrüň berdi.

Anonim şertde gürrüňdeş bolan jogapkär resmiler bu baradaky görkezmäniň geçen hepdäniň ortalarynda edara ýolbaşçylaryna gelip gowuşandygyny we olaryň aprel aýynyň 1-ne çenli iş orunlaryny kemeltmek barada duýdurylandygyny aýtdylar.

“Munuň bilen bagly, geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Milli medeni merkezinde ýygnak geçirildi. Oňa şol merkeze degişli kitaphanalaryň, muzeýleriň ýolbaşçylary çagyryldy. Olara bu merkeziň garamagyndaky edaralardan jemi 40 adamyň işden boşadylmalydygy duýduryldy. Şeýle-de, 1-nji aprelden başlap işden boşadyljak adamlary öňünden duýduryp, 18-nji fewrala çenli şol adamlaryň sanawyny ýolbaşçylara gowşurmak hem tabşyryldy. Şuňa meňzeş duşuşyklar Balkanda welaýatynda hem geçirildi” diýip, habarçy bu merkeziň resmilerine salgylanyp, 12-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, iş orunlarynyň kemeldilmegi bilen bagly çäre ýurduň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky muzeýlerde, kitaphanalarda we Medeniýet öýlerinde amala aşyrylar.

Aşgabadyň kitaphanalarynyň we muzeýleriniň ýolbaşçylary iş orunlarynyň kemeldilmegi bilen bagly bu çärede ilkinji nobatda pensiýa ýaşyna ýeten işgärleriň işden boşadyljakdygyny duýdurdylar we bu baradaky resminama gol çekdirdiler diýip, habarçy aýdýar.

Medeni aň-bilim edaralarynyň ýolbaşçylary işgärlere iş orunlarynyň kemeldilmeginiň sebäplerini “ýuwaş-ýuwaşdan edaralaryň döwletiň boýnundan aýrylyp, hojalyk hasaplaşygyna geçmegi we bazar ykdysadyýetine geçmäge görülýän taýýarlyklar” diýip düşündiripdirler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi websaýtynda ýa-da ýurduň metbugatynda ministrligiň garamagyndaky medeni aň-bilim edaralarynyň ençemesinde iş orunlarynyň kemeldiljekdigini tassyk ýa-da inkär edýän maglumatlar häzirlikçe göze ilmeýär.

Ýöne bu görkezme, ýurtda köp sanly döwlet edaralarynyň üýtgedilip gurlan, ministrlikleriň birnäçesiniň birikdirilmegi we döwlet edaralarynyň birnäçesiniň gyssagly paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegi hakynda kararlaryň kabul edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu baradaky kararlara Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy ýanwarda gol goýdy we resmi metbugatda munuň ykdysadyýeti döwlete degişlilikden bazar görnüşine geçirmek bilen bagly amal edilýändigi bellenildi.

"Hronika Türkmenistan" neşirinde çykan we resmi Aşgabat tarapyndan inkär edilmedik maglumatlara görä, soňky görlen çäreler Ylymlar Akademiýasynyň ylmy işgärleriniň üçden biriniň işlerini ýitirmegine alyp gelýär. Ylymlar Akademiýasy 2009-njy ýylda prezident Berdimuhamedow tarapyndan dikeldilip, oňa 2010-njy ýylda döwlet tarapyndan 10 million dollar serişde bölünip berlipdi.

Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere we wakalara ýakyndan syn edýän ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi birden birnäçe ministrligiň birikdirilmeginiň we ozalky döwlet edaralarynyň birnäçesiniň gyssagly paýdarlar jemgyýetine öwrülmeginiň onlarça adamyň işlerini ýitirmegine getirendigini aýdýarlar.

Ýöne olar medeni aň-bilim edaralarynda iş orunlaryny kemeltmek boýunça amal ediljek soňky çäräniň netijesinde “işsizler armiýasynyň” üstüne has-da köp adamyň goşuljakdygyny belleýärler.

Türkmen hökümetine tarapdar habarlary çap edýän orient.tm saýty Birleşen Milletler Guramasynyň “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly soňky hasabatyna salgylanyp, 2018-nji ýylda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 3.3 prosente deň bolandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly hökümete ýakyn çeşmesi bu görkezijiniň hakykata gabat gelmeýändigini aýdyp, ýurtdaky işsizligiň derejesini 40 – 45 prosent diýip çaklaýandygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG