Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler Täjigistanda öldürilen serhetçileriň sanynyň aýdylyşyndan kändigini aýdýarlar


Duşenbeliler öldürilen serhetçi Izzatullo Latifowy jaýlaýar.
Duşenbeliler öldürilen serhetçi Izzatullo Latifowy jaýlaýar.

Täjik häkimiýetleriniň serhet berkitmesiniň golaýynda “Yslam döwleti” toparynyň hüjümi” diýip atlandyran atyşygynda öldürilen hökümet pidalarynyň sany resmi maglumatlarda aýdylyşyndan bäş adam kän, ol ýerde ýedi adam öldürildi diýip, çeşmeler AÝ/AR-a aýtdy.

Döwlet milli howpsuzlyk komiteti biraz öň 6-njy noýabr güni, ir sagatlarda bolan atyşykda polisiýa ofiseri Bahrom Kosimzodanyň we serhet goragçysy Izatullo Latifiowyň öldürilendigini aýtdy.

Resmi maglumata görä, Duşenbeden 60 km uzaklykda, Rudaki etrabynda, täjik-özbek serhediniň golaýynda ýerleşýän serhet berkitmesine 20-ä golaý hüjümçi zarba urdy.

Bu hüjümçiler goňşy Owganystandan geldiler, olaryň 15 sanysy wakanyň bolan ýerinde öldürildi, bäşisi ýesir alyndy diýip, şol wagt resmiler aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, ýerli häkimiýetler we paýtagt Duşenbedäki, ýurduň beýleki böleklerindäki beýleki çeşmeler 8-nji noýabrda AÝ/AR-a aýdylanyndan köp adamyň öldürilendigini habar berdiler.

Olaryň tassyklamagyna görä, azyndan bäş serhet goragçysy öldürildi.

“Dilovar Tolibov, Hofiz Hasanov, Naimjon Saidolimov, Ghanijon Davlat we ady anyklanmadyk ýene bir serhetçi bir gün öň jaýlandy” diýip, çeşmeler aýdýar.

Täjik häkimiýetleri sentýabrda, täjik-gyrgyz araçäginde bolan çaknyşykda bir serhetçi öldürildi diýdi, emma regional häkimiýetler biraz soň hakykatda bolan gozgalaň netijesinde üç serhetçiniň wepat bolandygyny aýtdylar.

YD topary 6-njy noýabrda guralan hüjümiň arkasynda özüniň bolandygyny tassyk etmedi. Jeňçiler Täjigistanda bolan öňki hüjümleriň jogapkärçiliklerini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG