Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Anthoýda uruş barýar. Türkmenistan bilen serhet ýakalary howply bolmagynda galýar”


Türkmen-owgan serhediniň golaýy. Arhiwden alan surat
Türkmen-owgan serhediniň golaýy. Arhiwden alan surat

Farýap welaýatynyň Garamogal we Gorgan etraplarynda jeňçilere garşy harby operasiýanyň başlanandygyny owgan armiýasynyň demirgazyk Owganystanda ýerleşen “209 – Şahin” atly harby diwiziýasynyň metbugat wekili Mumammet Hanyp Rezaýy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

‘Kyýam’, ýany Ýöriş atly harby operasiýada jeňçilere garşy agyr zarba urlandygyny Rezaýy mälim etdi.

– Anthoýyň on dört etraby bar, etraplaryň dördüsi Türkmenistan bilen çäkleşýär. Serhet ýaka sebitlerinde-de jeňçilere garşy çäre görülýär. Uruşda ençeme jeňçi öldürildi, birnäçesi ýaralandy – diýip, Rezaýy aýdýar.

Bu harby operasiýada öňe gidişlikleriň bardygyny, jeňçileriň yza çekilmäge mejbur bolandygyny-da Rezaýy habar berýär.

“Harby operasiýa “209 – Şahin” atly harby diwiziýasynyň komandiriniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Garamogal we Gorgan etraplary jeňçilerden arassalanýança, bu harby operasiýa dowam eder” diýip, diwiziýasynyň metbugat wekili Mumammet Hanyp Rezaýy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Farýab welaýatynyň ähli etraplarynda-da howpsuzlyk şertleriniň ýaramazdygyny ýerli geňeşiň deputaty Akmuhammet Nury aýdýar.

– On dört etrapda-da uruşlar gidip otyr. Gaty howply ýagdaý. Öten agşam, geçen gije uruşlar dowam etdi – diýip, ýerli geňeşiň deputaty mälim etdi.

Serhet ýakalarynda-da jeňçileriň hereket edýändigini deputat Akmuhammet Nury gürrüň berdi. Jeňçileriň arasynda daşary ýurtly militanlaryň hem bardygyny deputat habar berdi.

– Olar serhet ýakalarynda, aňyrda Döwletabat taraplarynda ýerleşen. Bularyň işjeň bolmagynyň sebäbi daşardan kömekçileri gelen, daşardan olara kömekçi bar – diýip, deputat aýdýar.

Farýap welaýatynda türkmenler we özbekler kowçum bolup ýaşaýarlar. Türkmenleriň hem özbekleriň ýaşaýan etraplarynda urşuň bardygyny deputat Akmuhammet Nury bildirdi. “Welaýatyň obalarynyň ählisi jeňçileriň eýeçiliginde galýar” diýip, bilermenler hem aýdýarlar. Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplarda howpsuzlyk şertleri has ýaramaz diýilýär. “Serhediň Owganystan tarapynda jeňçiler hereket edýärler. Welaýatyň Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýerleşýän etraplarynda döwletiň häkimiýeti ýokdur” diýip, ýerli resmiler boýun alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG