Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji noýabrda, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, adalat ministri Begmyrat Muhamedowa berk käýinç yglan etdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, bu käýinç oňa “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berildi. Adatça bolşy ýaly, habarda başga detallar açylmaýar. Muhamedow bu wezipä 2013-nji ýylda bellendi.
Bu käýinç ýurduň Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe yglan edilen berk käýinjiň we soňky duýduryşyň yz ýanyna gabat geldi. Berdiýewiň näme kemçilik goýberendigi aýdylmady, ýöne Azatlygyň çeşmeleri oňa geý ýigit Kasymberdi Garaýewiň şahsyýetiniň töweregindäki ýagdaýlar sebäpli käýelen bolmagynyň ahmaldygyny aýtdylar.
Bu käýinçler içeri işler ministri Isgender Mulikowyň bir topar käýinçden soň, ahyry wezipesinden çetleşdirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanda 1991-nji ýyldan bäri adaty ýagdaýa öwrülen praktika netijesinde, resmilere yzygiderli käýinç, soňky duýduryş berilýär, olar wezipeden boşadylýar. Emma bu kadrlary saýlap alan, wezipä bellän ýolbaşçynyň jogapkärçiligi hakynda gürrüň edilmeýär.