Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside geý temaly filmiň görkezilmegine garşy çykan protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Protestçiler
Protestçiler

Gürjüstanyň paýtagtynda birnäçe ýüz aşa-sagçy protestçi Oskar baýragyna hödürlenen şwed-gürji filminiň görkezilişiniň öňüni almaga çalşyp, polisiýa bilen çaknyşdy.

Ýüzlerçe protestçi 8-nji noýabrda Tbilisidäki "Amirani" kinoteatrynyň daş işiginde toplanyp, ýanýan älemgoşar reňkli baýdagyň öňünde, prawoslaw ruhanysy doga-dileg etmezinden öň, “Gürjüstan, uzak ýaşa!”, “Utanç” diýen şygarlara gygyrdy.

Protestçileri käbiri kinoteatra dyzap girmäge synandy, emma binanyň daşyny gurşap alan pitnä garşy polisiýa olary binanyň golaýyna goýbermedi.

Bu kinony görmäge gelen ýaş aýallaryň biri daş bilen uruldy we “Tiz kömek” bilen hassahana alnyp gidildi diýip, ýerli media habar berdi.

Polisiýa özleriniň 12 adamy tussag edendigini, olaryň biriniň daş zyňandygy üçin, beýleki 11 adamyň kinoteatra zor bilen girmäge synanyşandygy üçin saklanandygyny aýtdy.

Bu kino, “Soňra biz tans etdik” Oskar baýragyna iň gowy halkara çeper filmleri kategoriýasyndan hödürlendi we onda Gürjüstanyň milli balet ansamblynyň iki sany erkek tansçysynyň arasyndaky söýgi hakynda gürrüň berilýär.

Täze kino eseri dünýä boýunça tankytçylaryň gowy bahalaryna mynasyp boldy, emma Gürjüstanyň Prawoslaw ybadathanasy tarapyndan “däp bolan gürji gymmatlyklaryna ters gelýär” diýlip ýazgaryldy.

XS
SM
MD
LG