Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýalylar Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 30 ýyllygyny belleýär


Berlinliler diwar ýykýar. Arhiw suraty
Berlinliler diwar ýykýar. Arhiw suraty

Germaniýa 9-njy noýabrda, häzirki zaman Ýewropa taryhynyň kesgitleýji pursatlaryny hatyralaýan tapgyrlaýyn çäreler esasynda, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 30 ýyllygyny belleýär.

German prezidenti Frank-Walter Steinmeier günogar Ýewropa ýurtlaryna parahatçylykly rewolýusiýanyň mümkin bolmagyndaky ýardamlary üçin sagbolsun aýtdy.

"Öz dostlarymyz bilen bilelikde, biz 30 ýyl mumndan öňki wakalary minnetdarlyk bilen ýatlaýarys” diýip, Steinmeier Berlin diwary memorialynda guralan dabarada aýtdy. Bu çärä kansler Angela Merkel bilen bilelikde polýak, wenger, slowak, çeh döwlet baştutanlary hem gatnaşdy.

Wenger serhet goragçylary 1989-njy ýylyň awgustynda ilkinji gezek gündogar Germaniýanyň adamlaryna Awstriýa erkin geçmek mümkinçiligini döretdi, bu üç aý soň Berlin diwarynyň synmagyna we soňra Demir tutynyň syrylmagyna alyp geldi.

Diwar 1989-njy ýylyň 9-njy noýabrynda, Merkezi Ýewropanyň sowet kontrollygyndaky ýurtlarynyň Moskwadan ara açyp, günbatar görnüşli demokratiýa geçmäge synanyşýan wagtynda, kommunist gündogar Germaniýada turan parahatçylykly halk gozgalaňlary netijesinde bozuldy.

Bir ýyl soňra, 1990-njy ýylda Germaniýa birleşdi.

Soňky bir hepdäniň dowamynda diňe Berlinde 200 çemesi çäre geçirildi, şol sanda merkezi Berlinde bir binada müňlerçe gündogar germaniýalynyň 155 kilometre uzan diwary böwsüp, günbatara geçişini görkezýän kadrlar görkezildi.

Berliniň Brandenburg derwezesi adamlaryň arzuwlaryny, umytlaryny we ýatlamalaryny özünde jemleýän, bilelikde 150 metr uzynlykdaky “azatlyk buludyna” aýlanan 30 müň çemesi lentanyň dakylan sungat senedine öwrüldi.

XS
SM
MD
LG