Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan ABŞ bilen gatnaşyklary sazlamak üçin Ak Tama bardy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyip Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyip Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan geçen gezek prezident Donald Tramp bilen duşuşmak üçin Waşingtona sapar edende onuň howpsuzlyk resmileri 2017-nji ýylda Türkiýäniň ilçihanasynyň golaýynda kürtçi parahat demonstrantlara hüjüm edipdi.

Erdoganyň 13-nji noýabrda baran wagty NATO boýunça iki agza ýurdunyň arasyndaky dartgynlylygyň gurama döredileli bäri 70 ýylyň dowamyndaky iň güýçli derejä baran pursadyna gabat geldi.

“Biz bu sapary türk-amerikan gatnaşyklarynyň agyryly prosesden geçýän döwründe edýäris" diýip, Erdogan 11-nji noýabrda Waşingtona saparynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, Trampyň administrasiýasynyň baş wekili gatnaşyklary zäherleýän käbir ylalaşyksyzlyklaryň bardygyny tassyklady. Olar Türkiýäniň Orsýetiň raketadan goranyş S-400 sistemasyny satyn almagy we demirgazyk Siriýada ABŞ-nyň ýarany bolan kürt söweşijilerine harby basyşlary ýaly meseleleri öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG