Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Trampa impiçment birdirmek boýunça derňewler göni efirde telewideniýede görkeziler


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň wekiller öýüniň prezident Donald Trampa impiçment bildirmek boýunça derňewleri 13-nji noýabrda telewideniýede göni efirde köpçülikleýin diňlenişik görnüşinde dowam eder.

Taryhda seýrek bolan we uzaga çekýän bu proses prezidentiň wezipesinden öz şahsy we syýasy bähbidi üçin peýdalanyp-peýdalanmazlygyny, daşary ýurduň hökümetini öz garşydaşlaryny derňemäge itermek ýaly hereketlere baş goşup goşmandygyny, şeýle-de bu hereketleriň öwezini dolup bolmaýan jenaýat bilen ilteşigini anyklamak maksady bilen geçirilýär.

Hususan-da, serediljek meseleleriň biri Trampyň Ukraina 390 million dollarlyk harby kömeginiň berilmegini bökdemek bilen Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiden 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryndaky demokratlar we 2020-nji ýylda boljak saýlawlarda öz garşydaşy Joe Baýden we onuň ogly Hanter babatynda derňew geçirmegi sorap-soramandygyna degişli.

Ýerli wagt bilen ir sagat 9:00 birinji bolup, Ukraina boýunça işler wagtlaýyn ynanylan tejribeli diplomat William Teýlor çykyş eder. Ol ýapyk diňlenişikleriň dowamynda Trampyň administrasiýasynyň Kiýew babatyndaky daşary syýasatda ulanan alternatiw ýollar barada maglumat beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG