Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Oraz Yklymow dünýäden ötdi


Orazmuhammet Yklymow
Orazmuhammet Yklymow

Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy Orazmuhammet Yklymow 76 ýaşyny dolduryp, uzak waglap dowam eden agyr hassalygyň netijesinde dünýäden ötdi.

Oraz Yklymow 1990-njy ýylyň ortalarynda, Türkmenistandan çykyp, Moskwa barandan soňra Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyga başlapdy we 2011-nji ýyla çenli işläpdi.

Sowatly hem köp maglumaty bolan ynsandy we gürrüňdeşlige ak ýürekden berilýärdi. Şol açyklyk hem ony başgalar bilen ýakynlaşdyrdy. Berilýän soraglara hiç bir zatdan çekinmän, dogry jogap gaýtarýardy. Mümkinçilik bolanda ýa bir mesele bilen üstünden barlanda, öz ýaşlygyny, gowy görýän dostlaryny ýatlamagy halaýardy.

“Biz KGB höwes bilen romantika berlip bardyk. Ol bolsa bizi yza öwrülip bolmajak heläkçilige eltdi. Deň bolmadyk göreşde – ýeňiş ýok. Men oňa orta ýaşda düşündim” diýip, Orazmuhammet Yklymow geçmişini ýatlaýardy.

Ol mydama yzyny ýatlaýardy. Çagalygynyň geçen ýerleri Guşgy sebitlerine aýratyn höwesi bardy. Ýogsa olar Guşguda çatmada ýaşapdyrlar, açlygy görüpdirler, şonda-da Pendi çölüni dünýäniň iň gözel künjegi saýýardy.

Ýaşlyk döwründen onuň beýleki bir höwes edip ýatlaýan zady Aşgabat durmuşydy.

– Çärjew köçesinde, öňki “Mebel” dükanynyň ýokarsynda ýaşan ýyllarym ömrümiň iň bagtly pursady boldy. Çagalarym ýaşdy, olara diňe guwanmak mümkindi. Olaryň her sözi biz üçin bir şatlykdy. Şol beton jaýdaky durmuşym ömrümiň güli eken. Meni KGB Owganystana ýollanynda, ähli hözirlik sowaldy. Ol uruş diňe owgan halkyna däl, köplere betbagtlyk getirdi – diýip ýatlaýardy.

Orazmuhammet Yklymow türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini gutarypdyr. Student ýyllarynyň ýatlamalarynda şahyrlar Gurbannazar Ezizowy, Annasoltan Kekilowany hem-de edebiýatçy Derýa Baýramgulyýewi köp ýatlaýardy. Gurbannazaryň poeziýasyndan birnäçe goşgyny ýatdan bilýärdi.

Nusgawy rus edebiýatyndan Lew Tolstoýy aýratyn gowy görýärdi. Bu ussat ýazyjynyň ynsan ynanjy hakdaky pikirini psihologiýa älemindäki aýratyn açyş hasaplaýardy. Onuň uniwersitetde gowy bilim alandygy belli.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ol ýurdy terk etmäge mejbur bolýar. Iňlis, pars, rus hem türkmen dillerini gowy bilýän, durmuş tejribesi ýetik ol adama öz Watanynda iş tapylmaýar, ol Moskwa gaýdýar.

Orazmuhammet Yklymowyň soňky ýyllaryny Awstriýada geçirdi. Şu ýylyň tomsunda bolsa Kryma göçüp gidipdir. “Ol ýer biziň ýurdumyza golaý, onsoňam Krymyň howasy Türkmenistana çalymdaş” diýip, şol ýeri höwes edýärdi. Ol toprak hem Orazmuhammet Yklymowyň soňky düşelgesi bolupdyr.

Bu nähili agyr. Biz soňky ýyllarda görşübem bilmedik. Jaýyň Jennetden bolsun, Oraz aga!

Hudaýberdi HALLY, ýazyjy.

XS
SM
MD
LG