Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistiniň awtoulagyna hüjüm edildi, içine itiň kellesi taşlandy


Nuržan Muhammedow
Nuržan Muhammedow

Gazagystanyň günortasyndaky Şymkent şäherinde ýaşaýan raýat aktiwisti nämälim hüjümçileriň öz awtoulagyny zaýalandyklaryny we onuň içinde kesilen it kellesini goýandyklaryny aýdýar.

Nuržan Muhammedow Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna 19-njy noýabr güni irden öz awtoulagyny aýnasy döwlen, çep tarapynda gyzyl bilen “mal” diýlip ýazylan ýagdaýda görendigini gürrüň berdi. Şeýle-de Muhammedow maşynyň içinde it kellesini tapandygyny aýtdy.

“Şeýle-de olar meniň haýatyma “lakeý, haýyn” diýip ýazypdyrlar, maşynymyň iki tekerini, megerem pyçak bilen, kesipdirler” diýip, Muhammedow aýtdy. Ol bu hadysany öz raýat hukugy işjeňligi bilen baglanyşykly hasaplaýar.

Muhammedow ýerli prokuratura edarasyna şikaýat arzasyny ýazdy, olara oňa “bozgaklyk” aýyplamasy esasyna derňew açandyklaryny aýtdylar.

Muhammedow syýasy tussaglary, ýekelikde çaga terbiýeleýän eneleri, öýsüz adamlary goldap, birnäçe proteste goşuldy.

Şeýle-de ol Hytaýyň ýurtda barha ýokarlanýan ykdysady täsirine garşy gurnalan birnäçe ýygnanyşyga gatnaşdy.

Aktiwist şu ýyl birnäçe gezek gysga wagtlyk türme tussaglygyna höküm edildi.

Öldürilen itler we kesilen it kelleleri garaşsyz gazak žurnalistlerine, gorkuzmak maksady bilen, mundan öň hem iberilipdir.

XS
SM
MD
LG