Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ölen protestçileriň sanynyň artýan wagtynda “duşman dildüwşüginden” üstün çykandygyny aýdýar


Hassan Rohani
Hassan Rohani

Eýran ýolbaşçylary ýangyç bahalarynyň üzül-kesil ýokarlanmagy netijesinde gurnalan demonstrasiýalaryň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň halkara ýazgarmalarynyň ýokarlanmagy bilen, “duşman dildüwşügini” ýeňendigini aýdýar.

"Biziň adamlarymyz ýeňiji bolup çykdy” diýip, prezident Hassan Rohani 20-nji noýabrdaky hökümet mejlisinde aýtdy we Eýranyň dürli ýerlerinde köçelere çykan protestçileri “ýaragly anarhistler” hökmünde häsiýetlendirdi we olaryň sanynyň ujypsyz bolandygyny belledi.


Şeýle-de ol protestçileriň Tähranyň daşary ýurtlardaky duşmanlarynyň – Saud Arabystanynyň, Ysraýylyň we Birleşen Ştatlaryň düzen “planlarynyň” bir bölegi bolandygyny aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi 19-njy noýabrda ýurtda duşman “yzyna serpikdirildi” diýdi. Ol bu gozgalaň halk hereketiniň netijesi däl diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Protestler Eýranyň dürli ýerlerinde, hökümet 15-nji noýabrda, prezident Donald Trampyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan bir taraply çekilmegi we Tährana garşy girizen ABŞ sanksiýalary bilen baglylykda,benzin bahalaryny kadalaşdyrýandygyny we subsidiýalary kesýändigini yglan edeninden soň başlandy.

XS
SM
MD
LG