Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda semiz polisiýa işgärlerinden horlanmak talap edilýär


Illýustrasiýa suraty. Polisiýa işgäri ulag sürüjisi bilen.
Illýustrasiýa suraty. Polisiýa işgäri ulag sürüjisi bilen.

Şu günler Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýa işgärleri hünär synagyndan geçirilýär. Hünär synagynyň şertleriniň hatarynda semiz polisiýa işgärlerinden horlanmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary habar berýärler.

Aşgabatly bir polisiýa işgäriniň Azatlygyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, kanun goraýjy edaranyň işgärlerine olara ygtyýar edilýän 100 kilogram agramdan aňry semremäge rugsat berilmeýär. Şeýle-de hünär synagy işgärleriň ýakyn dogan-garyndaşlarynyň arasynda sud jogapkärçiligine çekilen adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy baradaky maglumatlaryň anyklanylmagyny hem öz içine alýar.

Bu talaplar ýurduň ähli regionlarynda güýçlenýär.

“Lebap welaýatynyň aşa semiz polisiýa işgärlerinden 1 aýyň dowamynda artykmaç agramyny nädip hem bolsa aýyrmak talap edilýär” diýip, lebaply habarçy ýerli polisiýa işgärlerine salgylanyp maglumat berýär.

Horlanmak üçin polisiýa işgärlerine 25-nji dekabra çenli möhlet berildi.

“Dekabryň 25-inde geçiriljek agram barlagynda semiz polisiýa işgärleriniň ýa-da şertnamalaýyn işgärleriň harby çinine garamazdan olaryň işlerinden boşadyljakdygy polisiýa bölümleriniň ählisine duýdurylypdyr” diýip, habarçy welaýat merkezinden habar berdi.

Ol bu talabyň täze Içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň semiz polisiýa işgärlerini halamaýandygy bilen düşündirilýändigini aýdýar.

Mary welaýatynda-da semiz polisiýa işgärlerinden edilýän horlanmak talaby, maryly habarçynyň maglumatlaryna görä, olary hereket etmäge mejbur edýär.

“Mary şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugrunda ýerleşýän stadionda her gün Içeri işleriň işgärleri horlanjak bolup ylgaýar. Olar welaýat prokuraturasynyň arka ýüzünde ýerleşýän sport zalda hem-de “Ylham” köşgüniň içindäki sport zalda futbol, woleýbol oýnaýarlar. Marynyň Içeri işler ministrligine degişli ähli edaralaryň işgärlerine horlanmak tabşyryldy” diýip, habarçy aýtdy.

Prezident - sportsmen
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Wideo: Türkmenistanda döwlet adamlary sport bilen meşgullanýar

Horlanmadyk maryly işgärlere-de işden kowulmak howpy abanýar.

“Täze ministr Çakyýewiň semiz adamlary işden boşatmak barada buýruk berendigi aýdylýar” diýip, ikinji habarçy hem Azatlyga gürrüň berdi.

Ýatlasak, 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri Isgender Mulikow wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna Mämmethan Çakyýew getirilipdi.

Polisiýa işgärlerinden edilýän horlanmak talaplarynyň fonunda, lebaply habarçy olaryň arasyndaky aýlyk haklarynyň pesdigi barada bar bolan nägileliklere salgylanýar.

Ol türkmen polisiýasynyň GDA-nyň beýleki ýurtlaryndaky polisiýa aýlyklary bilen deňeşdireniňde pes aýlyk alýandyklaryny aýdýar.

“Türkmenabatly ýokary bilimli polisiýa işgärleriniň aýlyk haklary 80-140 ABŞ dollary aralygynda” diýip, habarçy belleýär.

Ol Türkmenistanda aýlyklarynyň pesligi sebäpli Lebabyň polisiýa işgärleriniň arasynda aýallary Türkiýede işleýän kanun goraýjy işgäriň az däldigini aýdýar.

“Ýöne indi bu eklenç ýoly hem ýapyljaga meňzeýär. Polisiýa işgärleriniň aýallary, ogly ýa-da gyzlary daşary döwletlerde işleýän bolsa, olary yzyna getirmek tabşyryldy” diýip, lebaply habarçy aýdýar.

Beýleki tarapdan maryly habarçy semiz polisiýa işgärleri barada şeýle maglumat berýär:

“Garynlak polisiýalar beýlekiler ýaly aýlanyp ýörmeýär, olar stoluň başynda oturyp adamlaryň ykbalyny çözýärler, olar kän ýöremeýärler, awtoulaglaryny hem edaranyň agzynda goýýarlar” diýip, maryly habarçy aýdýar.

Mundan ozal Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda ýokary döwlet işine soňky wagtlarda semiz däl adamlaryň saýlanylyp alynýandygy barada habarlar gelip gowşupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG