Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýolbaşçy boljak bolsaň horlan!


Prezident - sportsmen
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Prezident - sportsmen

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna sapar edýär. Onuň bu saparyň dowamynda regionyň territorial bölünişigine we ýaşaýyş nokatlaryň öňki atlarynyň dikeldilmegine degişli meseleler bilen meşgullanmagyna, şeýle-de wezipe çalşygyny amala aşyrmagyna garaşylýar.

Ýanwar aýynyň başynda-da, prezident Aşgabatda we Ahal welaýatynda käbir ýerleriň atlaryny üýtgetmeginiň yzýany tutuş ýurt boýunça häkimleriň we olaryň orunbasarlarynyň ençemesini çalyşdy.

Bellemeli ýeri, 8-nji ýanwarda çalşyrylan resmileriň arasynda “balkanlylar” hem bolupdy. Balkan welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy saklaýyş we sport boýunça orunbasary, Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary we Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary çalşyryldy.

Türkmenistanda şu günki gün häkim we onuň orunbasary wezipelerine resmileriň nädip saýlanýandygy barada, Azatlyk Radiosyna etrap häkimi wezipesine dalaş eden öňki resminiň garyndaşy gürrüň berdi. Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran söhbetdeşimiziň garyndaşy 8-nji ýanwarda geçirilen kadrlar çalşygynda wezipä bellenenleriň arasyna düşmedi.

Wezipe basgançagy gözellik bäsdeşligi ýaly

Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, wezipe derejesini artdyrmak isleýän potensial kandidatlara degişli syrly maglumatlaryň barlanmagyndan daşary, häzirki wagtda olar babatynda täze bir talap berjaý edilýär.

Prezidentiň administrasiýasynyň resmileri wezipä hödürlenýän birnäçe dalaşgäriň her biri bilen birnäçe aýlap iş alyp barýarlar.

“8-nji ýanwarda bellenen resmileriň arasynda etraplaryň we şäherleriň atlarynyň üýtgedilmegi bilen baglylykda gaýtadan bellenen resmiler bardy, emma birinji gezek wezipe alanlar hem bardy. Olar bilen prezidentiň apparatyndan ýörite adamlar işlediler, hususan-da, olara, söz berlende näme diýmelidigi öwredildi. Täzeleriň arasynda meniň garyndaşym hem bardy. Iň täsin ýeri, olaryň ählisini medisina barlagyndan geçirdiler we olaryň saglygynyň esasy “görkezijisi” agramyna degişli boldy. Ýagny agyr we semiz adamlar dessine çetleşdirdiler, birinji tapgyrdan geçenleriň agramyny bolsa, soň standarta gabat getirdiler, ýa-da olary daş sypatyna degişli beýleki talaplara görä saýlap seçdiler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Iki aýlap diňe towuk çorbasynda

Azatlygyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, şeýle özboluşly “gözellik bäsdeşligi” sebäpli wezipä bellenmek islän garyndaşy uzak wagtlap berhiz saklamaly bolupdyr.

“Ol agramyny azaltmak üçin, iki aýlap towuk çorbasyny iýip oňmaly boldy. Emma ol, umuman, semiz bolansoň prezidentlik standartlaryna ýetip bilmedi. Ol saýlap-seçiş tapgyryndan geçip bilmedi” diýip, etrap häkimi wezipesine dalaş eden resminiň garyndaşy aýdýar.

Şeýle-de, ol öz garyndaşyna salgylanyp, mundan beýläk “gözellik talaplarynyň” wezipeli resmiler babatynda hem ulanyljakdygyny aýtdy.

“Ýurduň ähli ýolbaşçylaryna, şol sanda etrap häkimlerine horlanmaly diýlip, ýokardan anyk görkezme berildi. Adatça, olara figurasyny düzetmek üçin 1-2 aý berilýär. Olar ýa-da agramyny azaltmaly, ýa-da işden çekilmeli, emma munuň belli bir netijeleri bar. Bu zatlar Aziadanyň dowamynda (Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary- red.), stadionlarda tertip-düzgüne gözegçilik edýän polisiýa wekillerini saýlanlarynda başlandy. Şondan soň horlanmak talaby beýleki kanun goraýjylar, şol sanda ýol gözegçilik işgärleri babatynda hem edilip başlandy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Naharlamakdan iýmezligi tabşyrmak aňsat

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşiniň etrap häkimi wezipesine öňki dalaşgär garyndaşyna salgylanyp aýtmagyna görä, prezidentiň semiz resmilere degişli nägileligi ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen bagly diýip pikir edýärler.

“Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar azyk üpjünçiligine täsir ýetirdi, ilat ýönekeý iýmite mätäçlik çekýär, aýratynam bu regionlarda duýulýar. Prezidentiň şeýdip halk bilen öz raýdaşlygyny görkezmek isleýän bolmagy ähtimal. Sebäbi ilatyň aç bolan wagtynda, resmileriň semizligi gelşiksiz görünýär. Emma halky azyk bilen üpjün etmegiň ýerine, prezidente öz resmilerine iýmezligi tabşyrmak has aňsat bolup durýar” diýip, häkim wezipesine geçip bilmedik resminiň garyndaşy aýdýar.

Berdimuhamedowa sekiz bedew berildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:26 0:00

Bellemeli ýeri, prezident Berdimuhamedow sagdyn durmuşa ýykgyn edýändigini aýdýar we sportyň birnäçe görnüşine höweslidigini görkezip gelýär. Hususan-da, ol ussat atçy ýa-da bir zarba bilen 70 metrden deşige top atýan professional golfçy hökmünde ussatlyk görkezýär. Şeýle-de, döwlet telewideniýesi türkmen prezidentiniň öz ministrlerini we uly göwreli beýleki ýokary wezipeli resmilerini ýygy-ýygydan sport zallaryna gatnaşdyrýandygyny we hut özüniň ussatlarça çykyş edýändigini görkezýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG