Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM-niň metbugat merkeziniň režissýory “Türkmenistanyň halk artisti” boldy


Hakberdy Hudaýberdyýew. Türkmen TW-sniň "Altyn asyr" gepleşiginden alnan surat.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji noýabrda ýurduň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň režissýory Hakberdy Hudaýberdyýewe “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karara gol çekdi.

Bu täzelik barada Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertde söhbetdeş bolan aşgabatly sazanda ýaş wagtynda döwlet derejesinde berilýän at-derejelere özüniň hem höwesek bolandygyny boýun aldy.

"Indi kime näme at berilse-de, hatda özüme hem at berilse, meniň üçin uly bir manysy ýok. Sebäbi beýle at-derejeleriň hökümete ýaranjaňlyk üçin berilýändigini, hakyky eser üçin berilmeýändigini mekdep okuwçylary hem bilýär. At-derejeler indi, sowet döwründäkiden hem beter, açyk gülkä öwrüldi" diýip, 50 ýaşlaryndaky sazanda Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ýöne ol her gezek başga birine hormatly at berlende, özüne berilmändigi üçin gynanyp, birki hepde hassa bolup ýatýan gartaşan döredijilik wekilleriniň hem bardygyny, şeýle at-derejeler berlenden soň, ýaranjaňlaryň arasyndaky ýaryşyň güýçlenen ýaly bolýandygyny hem gürrüň berdi.

Hudaýberdiýewiň bu sylaga “aýdym-saz sungatyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan saldamly goşandy üçin” mynasyp bolandygy aýdylýar.

Kararda bellenmegine görä, medeniýet we sungat işgärleri Türkmenistanda “gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge” uly goşant goşýar.

Türkmen telewideniýesi Hudaýberdiýewe dakylan hormatly at mynasybetli Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölümde gurnalan dabarany görkezdi, täze halk artistiniň özüne berlen at üçin prezidente aýdan minnetdarlyk sözlerini ile ýetirdi.

Hudaýberdiýew gysgaça minnetdarlyk sözünde, 1.5 minuda hem ýetmeýän wagt içinde, “hormatly arkadag” aňlatmasyny azyndan 11 gezek ulandy we onuň ýüzüniň nuranalygyny taryplap, "hormatly belent serkerdebaşyny" aýdym-saz sungatynda özüne halypa hasaplaýandygyny, ondan nusga almaga çalyşýandygyny gürrüň berdi.

Täze "Halk artistiniň" minnetdarlyk sözi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Türkmenistanda medeniýet, sungat we edebiýat işgärlerinden, metbugat wekillerinden köplenç ýurtda gazanylýandygy aýdylýan üstünlikleri ýokary derejede wasp etmek, amala aşyrylýandygy aýdylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmek talap edilýär.

Bu ýagdaý, "hökümetiň çeper döredijilikde ýaranjaňlygy açyk goldamagy", Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän döredijilik wekilleriniň tassyklamagyna görä, döwlet propagandasyna, wagyzçylyga goşulmaýan döredijilik işgärleriniň açyk ýanalmagyna, kähalatda gara sanawlara girizilmegine we eklençden kesilmegine alyp gelýär.

Synçylaryň köpüsi soňky onýyllyklarda ýurtda hakyky, ömri uzak boljak sungat, edebiýat eserleriniň, kinolaryň, oýunlaryň döremezliginiň ýa-da ile ýetirilmezliginiň sebäbini, synçylaryň öz sözleri bilen aýtsak, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän "ýaranjaňlyk medeniýeti" bilen düşündirýär.

Prezident G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, öňki prezidentiň alyp baran syýasatynyň täsirini agzamazdan, ýurtda höwes bilen okalýan makalalaryň, kitaplaryň çykmaýandygyny, tomaşaçy çekýän teatr eserleriniň ýokdugyny boýun aldy.

Emma muňa garamazdan, resmi mediada çap edilýän habarlardan çen tutulsa, ýurtda döredijilik wekillerine berilýän at-derejeler köpelse-de, hakyky ilhalar, täzeçe we dogruçyl eserler kän peýda bolubermeýär diýip, 50 ýaşyndaky sazanda radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG