Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow ‘gazanylan sepgitleri wasp edýän' şahyra aýratyn minnetdarlyk bildirdi


Gurbanguly Berdimuhamedow Gözel Şagulyýewany goşa baýramçylyk bilen gutlady. 18-nji maý, 2019. Türkmen TW-sinden alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji maýda, Konstitusiýa we Baýdak güni mynasybetli geçirilýän çäreler mahalynda şahyr Gözel Şagulyýewa bilen aýratyn görşüp, ony goşa baýramçylyk bilen gutlady.

Türkmen telewideniýesiniň habar bermegine görä, döwlet baştutany şahyryň hal-ýagdaýy, döredijilik işler bilen gyzyklandy, oňa döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Şeýle-de, üstünlikleriň ýeterlik derejede beýan edilmeýändigini aýdyp, döwlet eýeçiligindäki metbugat guramalarynyň işinden hemişe nägile bolýan prezident G.Şagulyýewa“watanyň eýeleýän sepgitlerini, halkyň gazanýan üstünliklerini belent derejede wasp edýändigi, döredijilikli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi”.

Bu wakadan soň žurnalistler G.Şagulyýewany mikrofonyň öňüne çagyrdylar.

Biziň her bir günümiz toýly-tomaşaly, şatlykly-şagalaňly, dabaraly bolup gelýär” diýip, şahyr prezidentiň özi bilen “medeniýetde, sungatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada giňişleýin gürrüň edendigini” aýtdy. Onuň pikiriçe, bu “döredijilik işgärleri üçin uly zat, dogrusyny aýtsaň - ganat”.

Şagulyýewa gürrüňni dowam etdirip, prezident bilen uly baýramda “didarlaşmagyň, hal-ýagdaý soraşmagyň özünde döwletlilik bar, ...barlyk bar, baýlyk bar” diýdi.

Şahyr prezidentiň döredijiligi hakynda hem durup geçdi we onuň “döredijilikde nusga, messep, mekdep, görelde, ýörelge, nur bolup durýandygyny” belläsiniň gelýändigini aýtdy.

G.Sagulyýewa prezidentin döredijiligi hakynda
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:26 0:00

Ozalky sowet şahyry Gözel Şagulyýewa garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda şol wagtky prezident Saparmayrat Nyýazowy wasp edip, ençeme döwlet baragyna mynasyp boldy we özüniň “S.Nyýazow ýogalsa, bu dünýede bir günem ýaşap bilmejekdigi” hakynda aýdan sözleri bilen giňden tanaldy.

Öz döwründe “şa şahyr” diýlip wasp edilen S.Nyýazow türkmen edebiýatynyň klassygy Magtymguly Pyragyny pessimist bolmakda, adamlary terkidünýälige çagyrmakda aýyplap, ozalky sowet şahyrlaryndan “ruhubelent” goşgulary ýazmagy talap edýärdi.

S.Nyýazow Magtymguly hakynda
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

S.Nyýazowyň bu talap ahyrynda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň dargadylmagyna, täze açylan hususy neşirýatlaryň köpçülikleýin ýapylmagyna, döwlet propagandasyna goşulyp, häkimiýet başyndaky birinji adamy we onuň maşgala agzalaryny wasp etmeýän ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň “gara sanawa” girizilmegine alyp geldi.

Emma muňa garamazdan, G.Şagulyýewanyň talanty Nyýazow ýogalandan soň has-da açylan ýaly boldy we ol täze gelen prezidente, G.Berdimuhamedowa bagyşlanan goşgy-poemalary bilen döwlet sylaglaryna, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent derejä mynasyp boldy.

Tükmenistan, "Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň 2019-njy ýyldaky hasabatynda metbugat azatlygy boýunça Demirgazyk Koreýadan hem pes baha alyp, 180 ýurduň içinde iň yzky orny eýeledi. Hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini başgaça pikir-garaýyşlara çydamsyzlykda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG