Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosmos gözegçiligi Türkmenistanyň howany hapalaýşynyň üstüni açdy, Aşgabat düşündiriş bermeýär


Türkmenistan. Onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy

Wulkanlaryň hemralar arkaly öwrenilmegi netijesinde, Türkmenistandaky nebit-gaz ýataklarynyň adamlaryň dem alýan howasyna, ýollardaky million awtoulagyň howa goýberýän tüssesine barabar möçberde, hapa gaz goýberýändigi mälim boldy.

Bu habar türkmen prezidentiniň ýurduň nebit-gaz pudagynyň işini tankytlamagynyň, hökümet mejlisinde "tebigaty goraýyş çärelerine möhüm üns berilmegini" tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýöne resmi Aşgabat daşky gurşawy goramak boýunça uly işleriň edilýändigini aýtsa-da, nebit-gaz pudagynyň işindäki kemçilikler netiijesinde ekologiýa ýetirilýän zyýanlar barada açyk maglumat çap etmeýär.

Hemra kompaniýasy Merkezi Aziýada metanyň howa goýberilmeginiň millionlarça awtoulagyň goýberýän tüssesine barabar möçberiniň üstüni açandan soň, nebit we gaz ýataklarynyň howany hapalamagyna edilýän gözegçilikde ägirt uly böwsüş boldy diýip, “Bloomberg” neşiri 23-nji noýabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, gözegçilik kompaniýasynyň hemrasy uly bolmadyk läbikli wulkanlary ýüze çykaryp bilmeýär, ýöne bir-birine ýakyn üç sany düşündirişsiz ýagty pitneleriň üstüni açdy.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri bäşinji gün, düýbi Montrealda ýerleşýän GHGSat Inc tarapyndan çap edildi we onda hemranyň hakykatda wulkanlaryň zyňýan hapalaryny gözlemek bilen meşgullanandygy, ýöne günbatar Türkmenistandaky Körpeje nebit-gaz ýatagyndan, görnüşinden ýagtylandyrylmadykýalynlardan çykýan ägirt uly tüssäniň üstüni açandygy aýdylýar.

Azatlyk 2010-njy ýylyň sentýbrynda Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky "Körpeje-Gurtguýy" gaz ýatagynda umumy bahasy 40 milliion amerikan dollaryna durýan täze gaz ýygnaýjy we ugradyjy toplumyň ulanmaga berlendigini habar berdi.

GHGSat-yň prezidenti Stefan Germeýniň (Stephane Germain) sözlerine görä, geçen ýylyň başyndan fewrala çenli düşürilen suratlarda saklanyp galýan syzmalar senagat metanynyň nämälim bolan syzmasynyň kosmosdan ilkinji gezek üstüniň açylyşy bolup durýar.

Şundan soň bu kompaniýa Türkmenistany habardar etmek üçin ABŞ, Kanada weÝB diplomatik kanallary bilen habarlaşdy diýip, Germanyň telefon söhbetdeşliginde aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistan bu kompaniýa bilen göni habarlaşmandyr, ýöne iň soňky düşürilen suratlar hapa gazyň çykmasynyň maýdan bäri togtadylandygyny görkezýär.

Germeýniň tassyklamagyna görä, günbatar Türkmenistandaky Körpeje nebit-gaz ýatagyndan çykýan we howa garylýan hapa gaz ýollardaky bir million ýolagçyly awtoulaglaryň howa goýberýän kömürturşy gazyna barabar.

Şeýle-de ol munuň kosmos arkaly ylmy taýdan delillendirilen ilkinji ýüze çykarmadygyny aýtdy.

Adatça bolşy ýaly, türkmen resmileri, döwlet gaz edarasy we Energiýa ministrligi düşündiriş almak üçin edilen telefon jaňlaryna we iberilen hatlara häzirlikçe jogap bermändir.

Amerikanyň Geofiziki bileleşiginiň Geofiziki barlaglary žurnalynyň ýazmagyna görä, bu tapyndy hemranyň “klimat özgermesine garşy düzediji çäreleri görmegi üpjün etmekde” nähili ulanylyp bilinjekdigini görkezýär.

Türkmenistanyň howany hapalamakdaky kiçi bolmadyk “paýynyň” üstüniň açylmagy, howanyň zaýalanmagynda iň bir zyýanly gazlaryň biri bolan metanyň howa goýberilmeginiň azaldylmagy üçin, nebit we gaz senagatyna görkezilýän basyşyň barha güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Türkmenistan sowet ýyllaryndan galan oba hojalyk praktikalaryny ulanmagy dowam etdirip, gowça ekişinde suwy bisaprpa ulanmakda, ýerleriň şorladylmagynyň we arrykladylmagynyň öňüni alyp bilmezlikde, şor suwlary bir ýere ýygnamak we gaýatdan ulanmak synanyşyklary netijsinde ekoligiýa uly möçberde zyýan ýetirmekde hem tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG