Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň "Howdan-B" etrapçasynda büreler, 11-nji etrapçasynda syçanlar ýaşaýjylary bimaza edýär


Aşgabadyň "Howdan-B" etrapçasy (arhiw suraty)

Aşgabadyň Howdan-B etrapçasynda büreler, 11-nji etrapçasynda syçanlar ýaşaýjylary bimaza edýär.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde dörän büreler şeýle bir köp, hatda ýaşaýjylar tarapyndan çagyrylan arassaçylyga gözegçilik edýän döwlet edarasynyň işgärleri hem olary görüp yza çekilipdir.

"Howdan-B etrapçasynyň birnäçe jaýynda, "100 fontanyň" golaýynda ýerzeminlerde büreler köpeldi. Olar ýerzeminlerden ýaşaýyş jaýlara geçýärler. Jaýlaryň biriniň ýaşaýjylary tarapyndan çagyrylan sanepidemstansiýanyň işgärleri ýerzemine düşüp, şol ýerdäki büreleriň köpdügini görüp yza çekildiler we olara garşy çäre görmekden boýun gaçyryp, tölegli gulluklara ýüzlenmegi maslahat berdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Aşgabatda arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän bu döwlet edarasynda Azatlyga kommentariý bermediler. Şol bir wagtda-da ýaşaýjylar büreden dynmak üçin nirä ýüz tutjagyny bilmeýändigini aýdýarlar. Aşgabatda mör-möjeklere garşy tölegli hususy kärhanalaryň bolup-bolmazlygy hem nämälim galýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün paýtagtyň ýaşaýjylary üçin problemalaryň ýene biri syçanlaryň köpelmegi bilen bagly.

"Ýerzeminlerde indi pişikler ýok, olary bir eýýäm ýok etdiler, emma syçanlar bar. 11-nji etrapçada syçanlaryň dişleýän halatlary boldy, hususan-da, bir adamy ukudaka syçan burnundan dişledi" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri aýdýar.

Aşgabatda syçanlaryň we alakalaryň köpelendigini, şol sanda olaryň ýaşaýyş jaýlarda we keselhanalarda duş gelýändigini habarçylarymyz ençeme gezek habar beripdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda mör-möjekleriň we syçanlaryň köpelmeginiň sebäplerini ýaşaýjylar binalaryň ýerzeminlerinde golaýda bolan ýagynlar sebäpli suw ýygnanyp, çyg basmagynda görýärler.

Maý aýynda Aşgabatda kebelekler, agaç biti we beýleki mör-möjekler öň görlüp eşidilmedik derejede köpelipdi.

Ýurduň ýolbaşçylary mör-möjeklere garşy gyssagly çäre görülmeginiň zerurlygyny resmi derejede beýan etdiler.

Şäherde ilatyň köpçülikleýin ýerlerinde himiki serişdeleri pürkmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýan wagtynda, ýerli häkimiýetler hem-de Oba hojalyk we tebigaty goramak boýunça ministrlik prezidentiň tankydyna duçar bolupdy. 23-nji maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu "ýagdaýyň döremezliginiň öňüni almak üçin degişli işleriň geçirilmändigini" aýtdy.

Aşgabadyň häkimiýetleri kebeleklerden soň sakyrtgalary ýok etmek boýunça çäre gördi.

29-njy maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary sakyrtgalary ýok etmek boýunça işlere döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem çekilendigini, olaryň agşamlaryna köçä çykyp, daňdana çenli esassy köçeleriň ugrundaky ösümliklere awy pürkýändigini habar beripdi.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Aşgabatda himiki serişdeleri pürkmek boýunça işler dowam etdirilýär, emma esasan ösümliklere sepilýär-de ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminleri ünsden düşürilýär.

"Häzir agaçlara himiýa sepýärler, emma ýerzeminlerde iş geçirmeýärler. Ozalky ýyllarda, sowet döwründe muny yzygiderli edýärdiler. Aýratynam sillerden soň. Häzir bolsa boş duran ýerzeminlerde çybyn hem köp. Ol ýerde hususy kärhanalar ýerleşende beýle bolmaýar" diýip, habarçylarymyzyň biri aýdýar.

Şeýle-de onuň bellemegine görä, ozalky ýyllaryň tejribeleri nazara alnanda, mör-möjekleriň köpelen wagtynda ilatyň olara garşy özbaşdak göreşmegi üçin dürli serişdeler elýeterli bolupdy, himiki serişdeler satuwda bolýardy we mör-möjekleri ýok ediş hyzmatlary barada bildirişler ýerleşdirilýärdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG