Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Krasnowodsk şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň 150 ýyllyk senesini 'ýatdan çykardylar'


Türkmenbaşy (Krasnowodsk) şäheri

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen häkimiýetleriniň Krasnowodsk, Türkmenbaşy şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň150 ýyllyk senesini bellemegi gözden salandyklaryny, bu taryhy sene mynasybetli şäherde hiç bir çäräniň guralmandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Hazaryň gündogar kenarynda ýerleşýän şäheriň düýbi 1869-njy ýylyň noýabrynda, rus goşunynyň polkownigi Nikolaý Stoletowyň ýolbaşçylygyndaky harby ekspedisiýanyň Gyzylsuw aýlagyna gelip ýerleşmegi netijesinde tutulyp başlaýar.

Soňra Krasnowodsk rus imperiýasynyň Orta Aziýany basyp almakda ulanan gonalgalarynyň biri bolýar.

Krasnowodskiniň ady 1993-nji ýylda üýtgedilip, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň syýasy lakamy – Türkmenbaşy bilen çalşyryldy.

Aşgabatly ýazyjy, şu ýylyň başynda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, Krasnowodskiniň ady şol wagtky şäher häkimi Çary Öwezgylyjowyň prezident Nyýazowa krasnowodsklylaryň adyndan teklip bilen çykmagy netijesinde üýtgedilýär.

Hakykatda şäherliler beýle teklip etmändir we bu pirim häkime Medisina institutynda synagdan geçip bilmedik gyzyna kömek etmek üçin gerek bolupdyr.

Nyýazow Krasnowodskä ady dakylandan soň häkimden “näme haýyşynyň bardygyny” soraýar we Öwezgylyjow oňa student gyzynyň rektor bilen “oňuşmaýandygyny” aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG