Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda býujet işgärlerinden ýene pul ýygnalýar, bu gezek ‘tebigaty goramak’ üçin...


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden 20 manatdan pul ýygnalýar. Bu soňky bir aýyň dowamynda ýurduň býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin pul ýygnalýandygy barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan azyndan dördünji habardyr.

“Ähli býujet işgärlerine şu gün 20 manady doly tabşyrmaly diýdiler we puly ýygnap aldylar. Edarada ýok işgärlere derek hem kimiň ýanynda artykmaç pul bar bolsa, şolardan aldylar. Üýşürilen pullar her edaranyň düýbüne, ýagny başlygyna tabşyryldy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 2-nji dekabrda gürrüň berdi.

Habarçy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň ençemesi dilden berlen görkezme esasynda ýygnalan pul serişdesi üçin özlerine kwitansiýa berilmändigini hem aýtdylar.

Bu pul serişdesi hassahanalaryň, "Türkmengazyň", aň-bilim pudagynyň hem-de beýleki edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýygnalýar.

“Puluň nämä, nirä sarp ediljekdigini aýtmadylar. Köp sorag berseň-de halamaýarlar. Işgärler yzygiderli pul ýygnamaklaryndan indi halys ýadady. Ýöne olar işden kowularyn diýip, hiç zat aýtman dymýarlar. Olar özaralarynda nägileliklerini aýdýarlar” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýat häkimligi we beýleki degişli edaralar bilen habarlaşyp, bu mesele barada kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Soňky bir aýyň dowamynda Azatlyk Radiosy ýurduň býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin pul ýygnalýandygy barada ençeme gezek habar berdi.

11-nji noýabrda Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almak üçin 2000 manatdan ýygnalýandygy mälim boldy.

12-nji noýabrda Azatlygyň maryly habarçysy “pagta ýygymy üçin” ‘Marygazçykaryşyň’ işgärlerinden adam başyna 100 manat möçberinde pul ýygnalýandygyny habar berdi.

Bu wakadan sanlyja gün soň, 18-nji noýabrda Marynyň käbir beýleki edara-kärhanalarynyň işgärlerinden “pagta ýygymy üçin” her hepde 20 manatdan 60 manada çenli pul ýygnalýandygy mälim boldy.

Mundanam başga, ýurtda býujet işgärlerinden Kärdeşler arkalaşygy, şäheri abadanlaşdyrmak, Gyzylýarym aý jemgyýeti, “çürtüm” we ýüpek gurçugy, köpçülikleýin çäreler, nahal ekmek işleri üçin hem pul ýygnalýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan býujet işgärleriniň ençemesi ýygnalýan pullar zerarly özleriniň aýlyk zähmet haklaryndan diňe ýarysynyň diýen ýaly öz ellerinde galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 790 manada, orta mekdeplerde doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 1400 manada barabardyr.

Türkmenistan indi iki ýyldan gowrak wagt bäri agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurtda azyk ýetmezçiligi we gymmatçylygy dowam edýän mahaly, zähmet haklary öz wagtynda berilmeýär, bankomatlarda nagt pul köplenç tapdyrmaýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu kynçylyklar hem-de býujet işgärlerinden ýygnalýan pul serişdeleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG