Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda býujet işgärlerinden welosiped üçin 2000 manada çenli pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden welosiped satyn almak üçin pul ýygnaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän paýtagtdaky habarçysy welosipedleriň Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek ýörişler üçin satyn alynjakdygyny aýdýar.

“Saglyk edaralarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň işgärlerinden welosipedli ýörişler üçin eýýäm pul ýygnap başladylar. Işgärler ýygnalýan puluň möçberiniň işgäriň aýlygyna görä üýtgeýändigini aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji noýabrda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçy welosipedleri satyn almak üçin her bir işgäriň öz aýlygynyň ortaça iki essesini işleýän edarasynyň ýolbaşçysyna bermelidigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Mysal üçin, Saglyk öýlerinde işleýän şepagat uýalarynyň aýlygy ortaça 1000 manada barabar. Olar aýlygynyň iki essesini, ýagny ortaça 2000 manady bermeli bolýarlar. Çagalar baglarynda işleýän enekeleriň aglabasy häzir ýarym stawka işleýär. Olaryň aýlygy ortaça 600 manada barabar. Bu işgärler welosipedler üçin 1000 manat bermeli” diýip, şepagat uýalarynyň we enekeleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Türkmenistanda 1 amerikan dollary resmi kurs boýunça 3,5 manada, “gara bazaryň” nyrhynda ortaça 18,5 manada barabardyr.

Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleri 12-nji dekabrda belleniljek Halkara Bitaraplyk gününde welosipedli ýörişiň geçiriljekdigini aýdýarlar. Resmi taýdan yglan edilmedik bu çäräniň dekabr aýynda, ýagny gyş paslynda nähili amala aşyryljakdygy häzirlikçe nämälim bolup galýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda uly baýramçylyklarda ýa-da halkara çärelerde prezidentiň we hökümet agzalarynyň gatnaşmagyndaky köpçülikleýin tigirli ýörişler yzygiderli geçirilýär.

Bu tigirli ýörişlere döwlet işgärleri, studentler we mekdep okuwçylary köpçülikleýin çekilýärler. Olar bu çäre üçin tigirleri we sport egin-eşiklerini öz hasabyna satyn alýarlar.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi bu tigirleri satyn almak üçin özlerinden her ýyl pul ýygnalýandygyny, ýöne öňki welosipedleriň näme edilýändigi barada düşündiriş berilmeýändigini aýdýar.

“Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ‘baýramçylygy mynasyp bellemek üçin’ täze welosipedleri satyn almagyň zerurdygyny aýdýarlar. Ýöne olar dilden berlin görkezme bilen ýygnalýan pullara degişli kwitansiýa bermeýärler. Öňki tigirleriň nirededigi, näme edilendigi hem näbelli bolup galýar” diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, ol soňky döwürde bu talap sebäpli býujet işgärleriniň ençemesiniň işden çykyp başlandygyny hem aýtdy.

“Meniň bir goňşym çagalar bagyndaky işinden çykýar. Onuň çagasy bar. Ol çagasy üçin çaga iýmitini 155 manada satyn alýar. Onuň aýlygy bolsa 600 manat” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda çagalar baglaryndan, Saglyk öýlerinden we mekdeplerden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň býujet işgärlerinden welosiped satyn almak üçin pul ýygnaýandygy barada sentýabr aýynda hem habar berdiler.

“Mary we Lebap welaýatlarynda döwlet edara-kärhanalarynyň başlyklary öz işgärlerinden 40 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Welosiped almagyň sebäbini welosipedli ýöriş çäreleri bilen düşündirýärler” diýip, habarçy 20-nji sentýabrda gürrüň beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda welosiped sportunyň ösdürilýändigi we onuň peýdaly taraplary barada yzygiderli çykyş edýärler. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi welosipedli çärelere özleriniň mejbury gatnaşdyrylýandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG