Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men özümiň şeýle bolşuma kanagat etdim" Maýyp arabasynda oturan gyz tans edýär


Anna Frolowa öz arabasynda tansa taýýarlanýar

Anna Frolowa 17 ýaşynda, ol personal kompýuterleriň operatoryny taýýarlaýan kollejde okaýar. Anna bu käri söýenok hem möhüm däl hünär saýýar, ýöne olaryň şäherinde kemisli ýaşlar üçin başga okuw jaýy ýok. Ýakyn günlerde Anna öz tälimçisi bilen Germaniýada geçjek maýyplaryň arabasynda tans edýänleriň halkara ýaryşyna gatnaşmakçy. Ol bu ýaryşa ýardamçylaryň kömegi bilen gidýär.

Anna Frolowa ýaşlykdan maýyp, ol beýni ysmaz derdine ýolugypdyr. Orta mekdebi tamamlansoň, EWM operatorlaryny taýýarlaýan kollejde okaýar. Başga bir hünär saýlamaga onda mümkinçilik ýok. Ýogsam bolmasa, ol çagalykdan pedagog-psiholog bolmagy arzuw eden ekeni. Häzir ejesi hem kakasynyň ýanynda, darajyk daça tamynda ýaşaýar.

Anna Frolowanyň ýaşaýan ýerindäki ýol. 4-nji noýabr, 2019 ý.
Anna Frolowanyň ýaşaýan ýerindäki ýol. 4-nji noýabr, 2019 ý.

Olaryň bolýan ýeri Uralsk şäherine degişli bolup, «Birýuza» bagçylyk jemgyýeti eýeçilik edýär. Olaryň golaý töwereginde dükan ýa dermanhana ýok, ýol hem kadaly däl.

— Bize ýetmek – agyr kynçylyk – diýip, Anýanyň ejesi Nataliýa gürrüň berýär. – Ýollar öwrüm-öwrüm, hiç ýerde ýol görkeziji bellik ýok, biz inwataksini (maýyplar üçin taksi – Red.) çagyranymyzda, eger ol täze sürüji bolsa, ýarym sagatlap telefonda oňa ýol salgy berýäs. Bu köp wagtyňy alýar.

«Birýuza» bagçylyk jemgyýeti giden daça toplumynyň bir çetinde, Çagan derýasynyň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerde howa diýseň arassa, ýöne adam az. Bir ýarym sagatdan diňe bir awtobus gatnaýar, soňky duralgadan olaryň tamyna çenli iki kilometr ýöremeli. Nataliýanyň sözüne görä, daça möhleti tamam bolansoň, awtobus gatnawy seýrekleýär, gyşda bolsa asla gelmänem bilýär.

— Şonuň üçin biz esasan inwataksini çagyrýarys, ony bize mugt berýärler. Ýöne gyssagly şähere gitmeli bolsak kösençlik. Adaty taksileri çagyrsaň, Anýanyň tansa taýýarlanýan Medeniýet öýüne çenli 750-800 teňge bermeli bolýar, eger taksi maýyp arabasyny bir ýük hökmünde kabul etse, onda 1000-1200 teňge tölemeli – diýip, Nataliýa aýdýar.

Nataliýa Frolowa we onuň gyzy Anna. 4-nji noýabr, 2019 ý.
Nataliýa Frolowa we onuň gyzy Anna. 4-nji noýabr, 2019 ý.

Annanyň durmuşy mydama bir iş-güýmenje bilen geçipdir, çagalygynda ony ejesi elinde göteripdir. Indi ol ene aýagynyň hem biliniň agrysyndan zeýrenýär. Wagtynda gyzyny dürli kružoklara gatnaşdyrypdyr, goşmaça sapaklarda okadypdyr hem fiziki bejeriş merkezine gatnadypdyr. Anna bäş ýaşyna çenli belli wagt aralygynda aýagynyň üstünde durup bilýän ekeni, ýöne soň ýöremekden galypdyr. Nataliýanyň aýtmagyna görä, Anýa 5-nji synpda okaýarka, nobatdaky gezek Almaty keselhanasynda bolup, güýçli däri-dermanlary alypdyr, şondan soň ýöremekden galypdyr.

— Biziň «Umit» (Uralskide maýyplar jemgyýeti – Red.) jemgyýetimiz bardy. Oglan-gyz köpdi. Ýaşlygymda men öz toýum barada, saýlajak ýigidim hakda köp arzuw ederdim. Ýöne soňky sanjymlardan soň ýöremekden galdym. Meni agyr göwnüçökgünlik basdy. Soňra köşeşip, özümiň şeýle bolşuma kanagat etdim. Ejem meni örän giç dogrupdyr, uly doganym bilen aramyzda 15 ýyl bar. Men uly doganym Saşa örän bagly, ol uzakda – Mordowiýada ýaşaýar, ýöne biziň gatnaşygymyz hiç wagt kesilenok, ol maňa köp zady öwredýär. Meni köpler tanaýar, ýöne ýakyn göwündeşim ýok – diýip, Anna örän parahat gürrüň berýär.

Biz gürleşip bolýançak, Nataliýa inwataksiniň sürüjisine ýol salgy berýärdi. Taksi gelenden, Anna öz arabasynda oturdy, ejesi oňa geýinmäge kömek edip, ony daşary alyp çykdy. Anýanyň yzyndan «Lada Grant» gelipdir, ol maýyplar üçin kiçi bolýar.

– Uralsk şäherinde maýyplar üçin ýöriteleşdirilen diňe iki ulag bar, maýyplar bolsa köp, şonuň üçin çakylyga adaty ulaglary iberýärler. Annanyň maýyplygy üçin berilýän ýüz müň teňge bize ýetmeýär. Döwlet tarapyndan maýyplara hiç bir derman mugt berlenok, ýöne maýyp arabasyny berýärler. Anna basym 18 ýaşamaly, indi onuň arabasy halys köne hem amatsyz. Anna öz maýyplygyny tassyklatmak üçin, her iki ýyldan analiz tabşyrmaly hem wraçlaryň barlagyndan geçmeli, soň biz täze araba soramakçy. Göwnüme gowy fizoterapiýa hyzmaty bolanda, ol aýak üstüne galaýjak ýaly, ýöne biziň oblastymyzda ol ýok. Bar bolsada-da, tölegli bolmagy mümkin – diýip, Nataliýa aýdýar.

Anna Frolowanyň suraty.
Anna Frolowanyň suraty.

Anna tans etmäge mundan iki ýyl öň başlapdyr. Owalda ol sport tanslary klubyna gatnaýan eken, ýöne onuň tälimçisi Raýa Berşbaýewany ol ýerden işden aýranlaryndan soň, Anna ol klubdan çykypdyr. Raýa Berşbaýewa Annany mugtuna türgenleşdirýär, öz hyzmaty üçin hak almaýar. Şeýle hem ol tansa taýýarlanmaga Medeniýet öýleriniň birinden özleri üçin ýer alyp bilýär.

Annanyň tans üçin aýratyn araba-kürsüsi bar, adaty arabadan ol has ýeňil hem ykjam.

Häzir bu tälimçiniň 5 okuwçysy bar, olaryň ählisi-de maýyp arabasynda. Germaniýada geçiriljek bäsleşige bolsa Gazagystandan diňe Anna Frolowa gatnaşar, munuň üçin olara birneme harjy gerek. Olara ýardam edýänler bar, hatda pensionerler bilen studentlerem az-kem kömek berýärler.

— Olaryň ýardamyny görenimde, men gözýaşymy saklap bilemok. Bu ýere – biziň türgenleşýän zalymyza studentler gelýärler, 500 teňge, käbiri 200 teňge çykarýar – diýip, Raýa Berşbaýewa tolgunyp gürrüň berýär.

Ýakyn wagtda Anna Germaniýa üçin taýýarlan öz programmasy esasynda, tälimçisi bilen bilelikde, paýtagta uçýar. Eger emin agzalary olaryň gözden geçiriliş çykyşyna ak ýol berseler, olaryň bagty çüwdügi. Annanyň taýýarlan tansy erkin usulda. Ony Annanyň özi döredipdir. Ol hyýaldaky tans-uky hem tans-arzuw. Ol hyýalynda perişdeler ýaly ýokary göterilmek isleýär.

Tans arabasynda oturanda, Anna uçjak şekilli pelpelleýär. Onuň hereketinde ýeňillik hem galkynyş bar. Şonda-da treneri bilen ejesi oňa hereketlerini has ykjam gaýtalamagy buýurýarlar, onuň ellerini hem kellesini tutuşyny nazardan salmaýarlar.

— Men bulara dözümli daraşýan, gaty berk hem kesgin aýdyp bilýän, ýogsa bular gowşaýarlar hem zeýrenip başlaýarlar. Men olaryň zeýrenjini islämok, olar meniň üçin maýyp däl, adaty adamlar, şonuň üçinem olardan adaty sportsmenden edilýän talapy edýän – diýip, Raýa Berşbaýewa aýdýar.

Şol wagtyň özünde-de tälimçi: “Aşak seretme, sen uçýaň ahyryn!” diýip, Annanyň hereketine bellikler edýär.

Anna saýlan tansynyň mazmunyny gürrüň berýär, ýöne tomaşaçy oňa gürrüňsiz düşünmeli. Munuň üçin oňa bary-ýogy iki minut wagt berilýär. Şol wagt aralygynda hyýalyndakyny tomaşaça ýetirmek üçin, ol öz hereketini gaýtalap-gaýtalap ýerine ýetirýär. Owaly türgenleşik sazsyz geçýär, bu onuň trenerine bellikleri aýtmaga hem hereketleri yzygider ýola salmaga mümkinçilik berýär, soňra sazyň astynda geçýän hereketler örän kadaly görünýär. Anna ýene her bir hereketini aýratynlykda gaýtalap başlaýar. Iň esasy zat, hiç bir ýalňyşlyga ýol bermezlik.

“Men baryndan beter nämä şat, jemgyýetde biziň bardygymyzy görüp, biziň üçin näme-de bolsa bir zatlar edýärler” diýip, Anna Frolowa aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň Günbatar-Gazagystan oblasty boýunça habarçysy Mariýa Melnikowa tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG