Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda öldürilen telekeçi daşary ýurda nagt pul gatnadyjylar arkaly hem millionlap dollar çykarypdyr


 Aýerken Saýmaýtiniň ýa-da Erkin Samatyň sürüjilik şahadatnamasy
Aýerken Saýmaýtiniň ýa-da Erkin Samatyň sürüjilik şahadatnamasy

Geçen aý Türkiýede öldürilmezinden öň 1 milliard dollara golaý pul ýuwandygyny boýun alan uýgur telekeçisi Merkezi Aziýa ýurdundan elde pul çykarylýan näresmi nagt pul gatnadyjyny hem işledipdir diýip, täze derňew hasabatynda aýdylýar.

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy, Guramaçylykly jenaýatlar maglumatlary taslamasy we gyrgyz habar saýty “Kloop” 3-nji dekabrda Hytaýda doglan uýgur telekeçisi, 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilen Aýerken Saýmaýti bilen geçirilen söhbetdeşlikler esasynda bilelikde geçirilen derňewleriň täze hasabatyny çap etdi.

Saýmaýti atylyp öldürilmezinden öň gyrgyz gümrük resmileriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan uly pul ýuwuş operasiýalary barada maglumat berip, žurnalistleri ýüzlerçe million dollary Gyrgyzystandan çykaryşyny görkezýän bank dokumentleri we içerki ýazgy depderleri bilen üpjün etdi.

Üç habar guramasynyň Saýmaýtiniň beren dokumentleri we aýdan zatlary esasynda 21-nji noýabrda çap edilen derňew netijeleri uly galmagala, jenaýat derňewleriniň açylmagyna we gyrgyz häkimiýetleriniň hasabatda görkezilen subutnamalary derňemek wadalaryna sebäp boldy.

Täze hasabat 37 ýaşyndaky Saýmaýtiniň Gyrgyzystandan Türkiýä yzygiderli uçýan işçi gatlagy topary arkaly, puluň özleriniňkidigini aýdyp, el sumkalarynda millionlarça dollary nädip daşaryk çykaryşlaryny görkezýär.

Şeýle-de hasabatda Saýmaýtiniň nagt pul gatnadyjylarynyň biriniň, 39 ýaşyndaky Husan Kerimowyň jesediniň oktýabrda Manas aeroportunyň awtoulag parkyndaky maşynyň bagajyndan tapylyşy gürrüň berilýär.

XS
SM
MD
LG