Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” ÝB ýurtlaryna gatnawyny dikeldýär


Türkmen uçary
Türkmen uçary

“Türkmenhowaýollary” ÝB gadagançylygy esasynda 10 aýa çeken arakesmeden soň, altynjy gün Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryny gatnawlaryny dikeltdi diýip, AFP Aşgabatdan habar berýär.

Neşiriň habarçysy Türkmenistanda 50 sany ýolagçynyň Frankfurta uçýan türkmen uçaryna (0700 GMT) münmek üçin nobatda durandyklaryny gördi diýip, habarda aýdylýar.

Bu türkmen awia kompaniýasynyň uçarlarynyň Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (ÝAHA) 4-nji fewralda gadaganlyk girizmezinden öň ýolagçy gatnadýan menzilleriniň biridi.

AFP türkmen uçarlaryna garşy girizilen gadaganlygyň anyk sebäbiniň aýdyň bolman galýandygyny belleýär.

ÝAHA AFP-niň şu aýda iberen hatyna gadaganlygyň oktýabrda,“Türkmenistan howaýollaryna” Aşgabatda, ýerinde geçirilen üstünlikli barlaglardan soň’ ýatyrylandygyny aýdyp, jogap beripdir.

“Azatlygyň” ozal habar berşi ýaly, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy gullugy 4-nji fewralda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň howa giňişliginiň üstünden amala aşyrýan uçuşlaryny togtatdy.

Türkmen häkimiýetleri, beýleki meselelerde hem bolşy ýlay, “Türkmenhowaýollaryna” girizilen gadagançylyk we onuň sebäpleri barada ýolagçylara we jemgyýetçilige anyk düşündiriş bermegi zerur hasaplamadylar.

XS
SM
MD
LG