Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň hukuklar başlygy Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň protestçileri ‘öldürmek üçin’ oka tutandyklaryny aýdýar


BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Mişel Baçelet
BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Mişel Baçelet

BMG-niň hukuklar başlygy Eýranyň howpsuzlyk güýçlerini protestçilere garşy “ýowuz zorluk” ulanmakda we geçen aýda ýangyç bahalarynyň kesgin ýokarlanmagyna garşy guralan demonstrasiýalar mahalynda adamlary “öldürmek niýeti bilen” oka tutmakda aýyplaýar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Mişel Baçelet (Michelle Bachelet) 6-njy dekabrda özüniň golaýda bolan protestlerde pida bolanlar, tussag edilen müňlerçe adama çemeleşilişi boýunça aýdyňlygyň bolmazlygyndan howsala düşendigini aýtdy.

“Tassyklanan wideoýazgylar protestçilere garşy ýowuz zorlugyň ulanylandygyny, şol sanda howpsuzlyk güýçleriniň ýaragly agzlarynyň şäherleriň birinde adalat departamentiniň binasynyň üçeginiň üstünde duran ýerinden, dikuçarlaryň üstünden olary oka tutandygyny görkezýär” diýip, Baçelet aýtdy.

“Şeýle-de biz howpsuzlyk güýçleriniň ýaragsyz demonstrasiýaçylary gaçyp barýan wagtlarynda ýeňselerinden tüpeňleýşini, beýlekilerini göni ýüzünden we wajyp beden organlaryndan çenenip, başgaça aýdylanda, öldürmek üçin oka tutuşyny görkezýän wideolary aldyk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Bular güýç ulanmagyň halkara normalarynyň we standartlarynyň açyk basgylanmagy, adam hukuklarynyň çynlakaý bozulmagy bolup durýar” diýip, ol aýtdy.

Eýrandaky protestler 15-nji noýabrda, ýangyç bahalarynyň birden 200 prosente çenli gymmatladylmagy netijesinde başlandy we howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gyssagly basylyp ýatyryldy. Ýurtda bir hepde çemesi tasdan doly internet petiklemesi girizildi.

XS
SM
MD
LG